May 18, 2021 19:28 Asia/Ashgabat

Sionist režimiň Gaza zolagynda ýaşaýyş ýerlerine rehimsiz hüjümleri dowam edýär. Beýleki tarapdan, palestinaly çydam toparlary Al-Kuds we Al-Aqsa metjidini goramak üçin "Al-Kuds gylyjy" operasiýalaryny dowam etdirýärler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý, Kuds güni göni ýaýlymda eden çykyşynda çydam güýçleriniň mukdar we hil taýdan ösüşi barada durup geçdi we basyp alnan ýerlerde güýç deňagramlylygyny üýtgetmegiň yslamyň bähbidine bolandygyny aýtdylar.

ol hezretleri Şeýle hem, Sionist režimiň pese gaçýandygyny we bu basyp alyjy režime garşy logikanyň Palestiniň geljekdäki syýasy ulgamyny kesgitlemek üçin Palestiniň içindäki we daşyndaky ähli palestinalylar bilen referendum geçirilýänçä garşylygy dowam etdirmekdigini aýtdylar.

Bu adalatly pozisiýalara minnetdarlyk bildirmek ugurda Duşenbe güni bir topar palestinaly çydam toparlary we hereketleri Aýatolla Hameneýine Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysyna Al-Kuds güni eden çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdiler.

Bu hatlarda Palestina Halk azat ediş fronty, Intifada ýeňiş hereketi, Palestina halk söweş fronty we Palestina güýçleriniň koalisiýasy hem Eýran Yslam Respublikasynyň yslam ýurtlarynyň arasyndaky agzybirligiň we garşylygyň oky hökmünde ähmiýetini nygtadylar we şehit bolan Hajy Gasem Süleýmanini ýatladylar.