Jun 18, 2021 08:55 Asia/Ashgabat

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Saýlawlar gününi Eýran halkynyň güni diýip atlandyrdylar we Häzirki wagtda esasy meýdan we sahnada çykyş edýän, halkdyr, olar saýlaw uçasogyna baryp , ses bermek arkaly ýurduň ýakyn ýyllardaky umumy we esasy wezipesini kesgitleýärler diýip beýan etdiler.

Eýranyň metbugat habar gullugynyň habaryna görä, Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, şu gün (anna) Tähran wagty bilen ir sagat 7-de,Ymam Homini Hoseýniýesindäki 110-njy saýlaw uçastogyna baryp 13-nji prezident saýlawynda, Yslam şäheri we oba geňeşleriniň 6-njy saýlawynda  hubralar mejlisiniň bäşinji möhletiniň orta möhletli saýlawlaryna we Yslam şura mejlisiniň 11-nji möhletiniň orta möhletli saýlawlaryna gatnaşdylar we ses berdiler.

Soňra Aýatolla Hameneýi Saýlawlar gününi Eýran halkynyň güni diýip atlandyrdylar we şeýle diýdi: "Häzirki wagtda halk sesleri bilen ýurduň umumy ykbalyny we wezipesini kesgitleýän esasy meýdan we sahnada çykyş edýän halkdyr  , şonuň üçin bu gün halka degişlidir ."

ol hezretleri sözüniň dowamynda Halkyň ýekän-ýekän ses berişligini möhüm hasaplady we şeýle diýdi: "Hemmäňiz geliň, ykrar ediň we ses beriň, hiç kim meniň seslerimiň hiç biri bilen hiç zat bolmaz diýmesin, sebäbi millionlarça ses hut şu ýeke sesler bilen jemlenýändir diiýp nygtadylar.