Jun 18, 2021 16:48 Asia/Ashgabat

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary ​​Saýlawlara halkyň giňden gatnaşmagy, şübhesiz, güýçli, abraýly we interaktiw daşary syýasat üçin mäkäm dalda bolar we sanksiýalary ýatyrmagyň kyn ýolunda gepleşik geçirýän topary güýçlendirer diýdi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary we Wenadaky Eýranyň gepleşik toparynyň ýolbaşçysy Seýed Abbas Aragçi anna güni Eýran Yslam Respublikasynyň Awstriýadaky ilçihanasynda ýerleşýän saýlaw uçastogynda huzurly bolup 13-nji döwür prezident saýlawy üçin ses berdi.

Prezident saýlawlaryna gatnaşandan soň, Aragçi özüniň Instagram hasabynda şeýle ýazgy: ​​Saýlawlara halkyň giňden gatnaşmagy, şübhesiz, güýçli, abraýly we interaktiw daşary syýasat üçin mäkäm dalda bolar we sanksiýalary ýatyrmagyň kyn ýolunda gepleşik geçirýän topary güýçlendirer diýdi.

Tags