Jul 05, 2021 13:47 Asia/Ashgabat
  • Päkistanyň premýer-ministri bilen Eýranyň saýlanan prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Päkistanyň premýer-ministri Eýranyň saýlanan prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Pakistanyň premýer-ministri Imran Han, Eýranyň saýlanan prezidenti Seýid Ybraýym Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ony Eýranyň halky tarapyndan saýlanmagy bilen gutlady we ýakyn wagtda Eýranyň saýlanan prezidenti bilen ýüzbe-ýüz duşuşmagyň mümkin boljakdygyna umyt bildirdi .

Pakistanyň premýer-ministri Seýid Ybraýym Raisi bilen mähirli söhbetdeşlikde aradaky umumy meselelere ünsi çekip, "Owganystandaky ýagdaý we bu ýurduň uzak wagtlap dowam edýän söweşe gatnaşmagy barada alada edýäris" -diýdi.

Imran Han Owganystan üçin iň oňat çözgüdi syýasy çözgüt bilip häzirki ýagdaýa oňa ýetmegi kyn hasaplady.

Saýed Ybraýym Raisi telefon jaňlary we gutlag habarlary üçin halka we Pakistanyň hökümetine minnetdarlyk bildirdi we iki ýurduň arasyndaky baglanyşyklaryň we iki ýurduň giň we dürli mümkinçiliklerini we hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin gowy platforma bolandygyny aýtdy.

Tags