Jul 23, 2021 20:41 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: jogapkärler Huzestanyň meselelerini çözmäge çynlakaý çemeleşmeli

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy hökümet we hökümete dahylsyz guramalaryň işgärlerine Eýranyň günorta-günbataryndaky Huzestan welaýatynyň ilatynyň meselelerini çynlakaý yzarlamagy tabşyrdylar.

Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý, şu gün (anna) günortandan öň,ikinji "Koo Iran Barakat" sanjymyny alandan soň  Huzestan halkynyň meselelerine yşarat edip Soňky günlerde Huzestan suwy we halkyň problemalary hakykatdanam agyr howatyrlanmalardandy diýip beýan etdiler.

Ol Huzestandaky suw we bu welaýatyň paýtagty Ahwazdaky lagym suwlary barada ozalky birnäçe maslahatyň berjaý edilmezliginden zeýrenip, Şol maslahatlara üns berlen bolsa, häzirki ýagdaý ýüze çykmazdy we dürli mümknçiliklerden we ukyplardan paýly bolan Huzestan welaýatynyň epaly ilatyny narazy etmezdi diýip nygtadylar.

Adamlar öz gynanjyny mälim etdiler, ýöne hiç kim olardan zeýrenip bilmez, sebäbi Huzestanyň yssy howasynda-da suw meselesi kiçijik mesele däldir diiýp ol hezretleri sözüne goşdylar.

Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý Hezretleri sözüniň dowamynda Sekiz ýyllyk mukaddes goranyş meseleleriniň başynda Huzestan halkynyň wepalyhalkynyň gaýdusyzlygyna yşarat edip Bu adamlar kynçylyk çekmeli däldi we halkyň işi wagtynda alada edilsedi bu ýagdaý ýüze çykmazdy diýip beýan etdiler.