Jul 27, 2021 11:09 Asia/Ashgabat
  • Kataryň Daşary işler ministriň Tährana sapary

Eýranyň saýlanan prezidenti Seýed Ybrahym Raisi ýekşenbe güni Tähranda Kataryň Daşary işler ministri Şeýh Muhammet bin Abdul Rahman Al-Tani bilen duşuşanda Eýranyň, ygtybarly dost we hyzmatdaşdygyny subut edendigini aýdyp, Eýran goňşularyna hoşniýetlidir,diýdi.

Raisi ýygnakda Eýranyň we Kataryň iki  dini dogan ýurdydygyny we birek-biregiň sebit hyzmatdaşlarydygyny aýtdy we Tähranyň Doha bilen gatnaşyklara aýratyn gyzyklanýandygyny we Eýranyň geljekki hökümetiniň daşary syýasatynda goňşylara ähmiýet goýuljakdygyny  nygtady.

Kataryň Daşary işler ministri prezidenti ýeňşi bilen gutlady we Kataryň emiriniň salamyny ýetirip,Katar ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek we Eýran Yslam Respublikasynyň hyzmatdaşlygy bilen sebitde howpsuzlygy üpjün etmek ugrundaky tagallalary gözleýär" -diýdi.

Tähran-Doha gatnaşyklary, ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady gatnaşyklardan başga-da sebitdäki häzirki wakalar nukdaýnazaryndan hem möhümdir. Bu meselede möhüm we ünsli nokatlaryň biri; Saýlanan Prezident, sebitleýin we halkara meseleler babatynda gepleşiklere we düşünişmäge çemeleşmäni nygtaýar.

Ýene bir möhüm mesele, Eýranyň köpçülikleýin howpsuzlyga berýän ünsi we ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň zerurlygydyr.

Mundan öň hem saýlanan prezident Kataryň emiri bilen ýakynda geçirilen telefon söhbetdeşliginde , Tähran, Katar ýaly goňşulary bilen iň gowy gatnaşykda bolmak isleýär diýip basyş we sanksiýalar döwründe ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň durnuklylygynyň kepili hökmünde garady.

Kataryň Daşary işler ministriniň Tährana sapary Bu pikir 13-nji hökümetiň kasam kabul etmeginiň öňüsyrasynda ýörite habarlary öz içine alýar.

Bu gatnaşyklaryň esasy nokady; "Köpçülikleýin howpsuzlygy" döretmek täze hökümetiň "sebit daşary syýasaty doktrinasynyň" esasy bölegi bolup durýar. Daşary syýasatda bu ýörelgäni berjaý etmek sebit ýurtlaryna parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi getirip biler.

Bu mesele, prezidentiň beýleki dostlukly we goňşy ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşliklerinde-de nygtaldy. Geçen hepde Ummanyň soltany Haýtam bin Tarik bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginde Raisi şeýle diýdi: 13-nji hökümet diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary, sebitdäki möhüm meseleler boýunça goňşular bilen özara gatnaşyk, gepleşik, maslahat we duýgudaşlykdyr diýdi.

Bu sözler, Eýranyň goňşulary bilen gepleşik geçirmäge hemişe taýýardygyny nygtaýar. Pars aýlag sebiti indi dostlukly gatnaşyklara we ýakynlaşmaga mätäçdir. Sebitde howpsuzlygy üpjün etmek daşary ýurtlularyň gatyşmagyny we ýarag ýaryşynyň bolmagyny talap etmeýär, ýöne erkine we galp aýyplamalardan gaça durmaga baglydyr.

 

 

Tags