Aug 02, 2021 09:53 Asia/Ashgabat
  • Eýranda,Ilkinji izotop biotehnologiýa barlaghanasynyň açylyşy ýradro lukmançylygynda ýene bir üstünlik

 Häzirki wagtda lukmançylyk bilimleri ýadro tehnologiýasy bilen möhüm gatnaşyga eýedir we ösen senagat ýurtlarynda bu tehnologiýa lukmançylyk ylymlarynda giňden ulanylýar.


Bu artýan ylmy zerurlyga jogap hökmündeEýranyň ilkinji izotop biotehnologiýa barlaghanasy şenbe güni Arak ýadro agyr suw toplumynda geçirilen dabarada işe girizildi. Şeýle hem, "Kimia" barlaghana toplumynyň döredilmegi agyr suwy gaýtadan işlemek maksady bilen başlandy. Bu toplum agyr suw çig malynyň satylmagynyň öňüni almak we lukmançylyk pudagynyň we lukmançylyk diagnozynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen döredildi.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy "Ali Akbar Salehi" bu gözleg-önümçilik taslamasynyň gurluşygyna başlamak dabarasynda bu taslamany abraýly we gymmatly diýip atlandyrdy we  Saglyk pudagyny öz içine alýan ýadro tehnologiýasy bilen baglanyşyklydyr diýip aýtdy..

Bu laboratoriýada rak keselini ir ýüze çykarmak we lukmançylyk anyklaýyş enjamlaryny öndürmek üçin izotoplar ulanylmaly. Bu usul 2019-njy ýyldan bäri dünýäde ýadro bilimlerini ulanyp ulanylýar we Eýran şol bir wagtyň özünde bu ugurda şol bir netijä geldi. Izotoplaryň dürli fiziki, himiki we ýadro aýratynlyklaryna esaslanýan toparlara bölünişi köpdir.

Eýran Yslam Respublikasy ýadro pudagynda ädilen ädimlerde ýadro şertnamalaryna doly eýerdi we Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň yzygiderli gözegçiligi astynda ýadro bilim tehnologiýalaryna eýe boldy.

Yslam Rewolýusiýanyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi,; ýadro bilimleri üçin ýurduň ähmiýetine we zerurlygyna ünsi çekmek bilen, Eýranyň ýadro ýaraglaryny edinmeýändigi barada birnäçe gezek aýdyldy.

Ol hezretleri,"Ylym dogry medeniýetden aýrylsa, ýalňyş gider. Peýdaly ýadro ylymlary, ynsanperwerlik medeniýeti bilen baglanyşykly däldigi sebäpli ýadro bombalaryna sebäp boldy we şu günem bu bombanyň  howpy abanýar" -diýdiler. Başaryp bilsek-de, bu ýola batyrgaý girmedik; atom bombasyny gurmak we ulanmak nädogry we haramdyr diýip nygtadylar".

Dürli ulanylyşy sebäpli ýadro tehnologiýasy ylmy ösüşde möhüm ähmiýete eýe bolup, ony durnukly ösüşiň esasy elementleriniň we oklarynyň biri we ýurduň abraýynyň möhüm faktorlaryndan biri hasaplamak bolar. Bu nukdaýnazardan, ýadro ylymlary we tehnologiýalary ösen we ýokary tehnologiýalar derejesindedir.

Eýranda-da täze ýadro tehnologiýalary babatynda möhüm potensial döredildi we soňky ýyllarda ABŞ-nyň Eýrana garşy   berk sanksiýalaryna garamazdan, ýadro gözlegçileri keselleri anyklamak we bejermek üçin radiofarmasewtiki serişdeleri öndürmegi başardylar.

 

Tags