Aug 03, 2021 16:09 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Ymam Homeýniniň (ra) we ýolbaşçylygyň görkezmelerine üns bermek ösüşe we abraýa sebäp boldy

Eýranyň täze prezidenti, Ymam Homeýniniň (ra) we ýolbaşçylygyň görkezmelerine üns bermegiň ösüşe we abraýa sebäp bolandygyny aýtdy.

Eýranyň täze prezidenti Seýed Ybraýym Raisi sişenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasynda beýik Ymam Homeýniniň (ra) ýolbaşçylygynda we bu beýik we ynsaply adamlaryň uly tagallalary bilen 40 ýyldan gowrak ozal bu toprakda dini demokratiýanyň şöhle saçýan güni ýüze çykdy diýdi.

Eýranyň täze prezidenti, hökümetiň, işgärleriň we halkyň bu 40 ýylda demokratiýa ýetmek üçin köp zähmet çekendiklerini belläp: Bu 40 ýylda, Ymam Homeýniniň (ra) we Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň görkezmelerine we ulgamyň syýasatlaryna üns berilmegi netijesinde ösüşiň, abraýyň we kuwwatlylygyň gazanylandygyny açyklap aýtdy.

Raisi sözüniň dowamynda şeýle-de  dünýäde dolandyryşyň täze modeli hödürlendi we täze dolandyryşyň bu modelinde dünýä bilen birlikde din, ahlak bilen birlikde ylym, adalat bilen ösüş, abadançylyk bilen birlikde mertebe meselesi dünýä hödürlendi diýdi.

Raisi şeýle-de býudjet kemçiligi, biržanyň durnuklylyk meselesi, Inflýasiýa gözegçilik meselesi, korona meselesi bilen baglanşykly beýleki meseleleriň mälim edilendigini we bu kynçylyklaryň çözgüt ýollarynyň hem taýýarlanandygyny beýan etdi.

Eýranyň täze prezidenti sözleriniň ahyrynda Sanksiýalary ýatyrmaga synanyşarys, ýöne halkyň saçagyny daşary ýurtlular bilen baglanyşdyrmarys diýdi.