Aug 03, 2021 17:02 Asia/Ashgabat
  • Şahriar Heýdari: Eýran Ysraýyla we ABŞ-a garşy kazyýet işi açmaly

Eýranyň mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Geňeşiniň agzasy, Eýran Yslam Respublikasynyň diplomatik ydarasyň Ysraýyl bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň esassyz aýyplamalaryna garşy halkara guramalarynda kazyýet işi açmalydygyny aýtdy.

Eýranyň mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň agzasy "Şahriar Heýdari" EýranPress habar gullugyna beren interwýusynda: Ysraýyl we Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýran Yslam Respublikasyny terrorçylyk hereketlerinde ýa-da halkara guramalary bilen ýa-da adam hukuklary ýaly dürli meselelerde hyzmatdaşlykdan saklanmak bahanasy bilen aýyplaýandyklaryny aýtdy.

Heýdari sözleriniň dowamynda Ysraýyl režimi howpsuzlyk döretmek üçin garaşsyz we erkin hökümetlere we erkin ýurtlara sütem edýän mahaly hiç wagt howpsuzlyga garaşmaly däldir diýdi.

Mejlisiň bu agzasynyň aýtmagyna görä: Sionist režimiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň soňky aýyplamalary diňe  bu meseläniň halkara derejesini saklamak üçindir.

Şahriar Heýdari şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy ABŞ we Ysraýylyň esassyz aýyplamalaryny düýbünden inkär edýär we Eýranyň diplomatik ydarasy bu meselä işjeň girmelidir diýdi.

Tags