Jul 16, 2021 15:07 Asia/Ashgabat
  • Yragyň we Siriýanyň prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Yragyň prezidenti Barham Saleh, siriýaly kärdeşi Başar al-Assad bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde iki ýurda abanýan howplara garşy bilelikde işlemegiň zerurdygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, bu telefon söhbetdeşliginde Yragyň we Siriýanyň prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary, terrorçylyga garşy göreşi we umumy howpy ýok etmek üçin iki tarapyň utgaşdyrylmagyny we hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Saleh we Assad, şeýle hem Yragyň we Siriýanyň serhetýaka sebitlerinde hereket edýän terrorçy toparlara garşy göreşde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn netijelerini güýçlendirmegiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdylar.

Tags