Jul 26, 2021 16:15 Asia/Ashgabat
  • Sionist režimiň Gazza zolagyna garşy howa hüjümleri

Habar çeşmeleri Sionist režimiň Gazza zolagynyň demirgazyk-gündogaryndaky Han Ýunis sebitlerine howa hüjümini habar berdiler.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Pilotsyz uçarlar bilen amala aşyrylan bu hüjüm, Gazza zolagyndan basyp alnan ýerlere otly balonlaryň iberilmegine jogap boldy.

Gündogar sebitlerden başga-da, Gazza zolagynyň günortasyndaky sebitleriň sionist regim tarapyndan nyşana alnandygy aýdylýar.

Palestina Yslam Çydamk Hereketi (Hamas) Sionist režimiň Gazzadaky hüjümlerini öz güýjüni görkezmek üçin netijesiz synanyşyk diýip atlandyrdy.

Hamasyň metbugat sekretary Hazem Gasym duşenbe güni beren beýanatynda Sionist duşmanyň tarapyndan Gazza zolagynyň bombalanmagy bu režimiň öz ejiz güýjini we Seýf al-Kuds söweşinde şowsuz bolan guşunynyň keşbini dikeltmek üçin bolýan netijesiz tagallasy hasaplady.

Gasym şeýle-de bu hüjümleriň palestina halkynyň hukuklaryny yzyna almak baradaky garşylygymyzy bes etmejekdigini aýtmak bilen topragymyzda mertebe we erkinlik bilen ýaşamak üçin kanuny göreşimizi dowam etdireris diýdi.

Tags