Jul 31, 2021 12:46 Asia/Ashgabat
  • Yragyň wekilleri: ABŞ goşunlary gitmeli

Yrak mejlisiniň käbir agzalary ABŞ-nyň Daeş terrorçylaryny goldaýandygyna yşarat edip ABŞ goşunlaryny Yrakdan çykarmak karary hökmanydyr diýip yglan etdiler.

Bagdat Al-Ýoumyň şenbe günki habaryna görä  Yrak mejlisindäki Sadeghun fraksiýasynyň wekili Tamer Zabian öz çykyşynda hiç bir ýagdaýda Yrak parlamentiniň ABŞ goşunlaryny ýurtdan çykarmak baradaky kararyny aýak aşaga salyp bolmaz diýdi.

Yrak mejlisindäki Fath koalisiýasynyň ýolbaşçylaryndan bolan Udaý al-Hudran: "Amerikalylar sebitdäki ýurtlary söweşe we gan döküşlige alyp barmak isleýär we şonuň üçin terrorçy elementlere häzirki zaman ýaraglary berýär" -diýdi.

Tags