Jul 28, 2021 21:55 Asia/Ashgabat
  • Azyk howpsuzlygy — durnukly ösüşiň möhüm şerti

Şu gün ( 25.06.2021 ) Aşgabatda “Azyk howpsuzlygy ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Oňa Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, daşary syýasat edarasynyň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň wekilleri, birnäçe ylmy-barlag edaralarynyň işgärleri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary, şeýle hem sanly ulgam arkaly daşary ýurtly alymlar gatnaşdylar.

Forumda azyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugra Türkmenistan BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna uly üns berýär. Türkmen Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, döwrebap obasenagat düzüminiň döredilmegine maýa goýumlary gönükdirilýär.

Ýurduň oba hojalygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň hem-de döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligiň hemmetaraplaýyn goldanylmagy netijesinde azyk bolçulygyny üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylýar. Bu bolsa ilatyň abadan durmuşynyň möhüm şertidir. Obasenagat toplumyny kämilleşdirmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, şol sanda ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagyň, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň, häzirki zaman tehnologiýalary, oba hojalyk ylmynyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmak maksady bilen anyk çäreler görülýär. Häzirki wagtda däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, ekerançylyk, miweçilik, üzümçilik, bakjaçylyk, balçylyk hem-de oba hojalyk işewürliginiň beýleki görnüşleri işjeň ösdürilýär.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň azyk pudagyny ösdürmek, ilatyň azyk önümlerine bolan islegini giň möçberde we ýokary hilli kanagatlandyrmak ugrunda möhüm ädim boldy. Şol maksatnamanyň çäklerinde eýýäm onlarça taslamalar, şol sanda oba hojalygynda we azyk senagatynda taslamalar amala aşyryldy. Her welaýatda azyk ulgamlary döredilýär, iri maldarçylyk we guşçulyk, ýyladyşhana toplumlary gurulýar.

Maslahatda seçgiçilik, sort-synag we tohumçylyk ulgamlarynda GDA döwletlerindäki hem-de Türkmenistandaky işleriň ýagdaýy, kesellere we zyýankeşlere garşy durnukly, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan oba hojalyk ekinleriniň täze sortlaryny döretmek, ornaşdyrmak boýunça ylmy-barlag işleri barada habarlar diňlenildi.

Bu baradaky meseleler bilen GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň wekilleri, Bütinrussiýa mekgejöwen ylmy-barlag institutynyň, Bütinrussiýa şalyçylyk ylmy-barlag institutynyň, Russiýa Federasiýasynyň gök ekerançylyk federal ylmy merkeziniň, Russiýa Federasiýasynyň ot-iýmlik federal ylmy merkeziniň, Özbegistan Respublikasynyň Andižan dänelik we kösükli däneli ekinler ylmy-barlag institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ýolbaşçylary hem-de ylmy işgärleri we beýlekiler çykyş etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny peýdalanmak babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

 

 

Tags