Jul 29, 2021 17:53 Asia/Ashgabat
  • Täjigistan-Türkmenistan bilelikdäki komissiýanyň ýygnagy

Täjigistan bilen Türkmenistanyň Ykdysady, söwda, ylmy we tehniki hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki komissiýanyň 10-njy mejlisi geçirildi.

Fars habar gullugynyň duşenbe güni beren habaryna görä, Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Dalir Juma we Türkmeniň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammet Geldi Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky komissiýanyň ýygnagynda, iki ýurduň Bilelikdäki komissiýasynyň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda "Aşgabat" şäherinde geçirilen dokuzynjy mejlisiniň şertnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki tarap şeýle-de söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem energiýa, senagat, oba hojalygy, ulag we suw baýlyklary ýaly peýdaly mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu ýygnakda medeni, ylmy, bilim we gumanitar ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselesine uly üns berildi. Duşuşygyň ahyrynda iki tarap bir ylalaşyga hem gol çekdiler.

Täjigistan-Türkmenistan bilelikdäki komissiýasynyň indiki ýygnagy 2022-nji ýylda Aşgabatda geçiriler.

Tags