Aug 01, 2021 21:58 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanda Hazar deňzini goramak boýunça konferensiýa geçirilýär

Türkmenistanda "Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk" atly ylmy konferensiýa geçirilýär.

Azerbaýjan Respublikasynyň "Trend" habar gullugynyň habaryna görä Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew anna güni Balkan welaýatynda geçirilen ministrler ýygnagynda Prezident Gurbanguly Berdymuhamedowa beren hasabatynda "Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk" atly konferensiýanyň geçiriljekdigini habar berdi.

Bu ylmy we amaly konferensiýa 12-nji awgustda, Hazar deňzi güni diýlip atlandyrylan gününde geçiriler.

Türkmen döwlet metbugaty ministrler ýygnagynda prezidentiň Hazar deňziniň ekologiki howpsuzlygyny goramagyň möhümdigine yşarat edip bu meseläniň ýurduň iň möhüm syýasatlaryndan biridigini aýdandygyny habar berdiler.

Bu maksat bilen Türkmenistanyň prezidenti premýer-ministriň orunbasaryny konferensiýany iň gowy we ýokary derejede geçirmäge çagyrdy.

Iýul aýynyň başynda Sant-Peterburgda Hazaryň bäş kenarýaka döwletiniň prokurorlary , Azerbaýjan Respublikasy, Eýran, Gazagystan, Türkmenistan we Orsýet Hazar deňziniň hyzmatdaşlygy we goragy barada jarnama gol çekdiler.