Jun 13, 2021 18:33 Asia/Ashgabat
  • Hamas, BAE-nyň Daşary işler ministriniň öjükdiriji sözlerine reaksiýa bildirdi

BAE-nyň Daşary işler ministriniň Hamasa, Liwana, Hizbullaha we Ahwanolmoslemine garşy öjükdiriji sözleri Palestinanyň Hamas hereketiniň reaksiýasy bilen garşylandy.

BAE-nyň Daşary işler ministri Abdullah bin Zaýed Al Nahýan ýakynda öjükdiriji beýanatda halkara jemgyýetçiliginiň köpüsine Al-Kaýda we DAEŞ ýaly toparlar barada gürleşmegiň aňsatdygyny aýtdy. Käbir ýurtlaryň Hamas, Hizbullah ýa-da Ahwanolmoslemin ýaly hereketleri terrorçylaryň sanawyna goşmakdan çekinmegi gynandyrýar. Abdullah bin Zaýed käbir ýurtlaryň bu hereketleriň diňe harby bölümini terrorçylyk sanawyna girizmeginiň gülkünçdigini, şol bir wagtyň özünde harby we syýasy şahalarynyň arasynda hiç hili tapawudyň ýokdugyny aýtdy.

BAE, esasanam soňky ýylda daşary syýasatynda düýpli we aýdyň üýtgeşmeler girizdi. BAE geçen ýyl 26 ýyldan soň Ysraýyl bilen parahatçylyk şertnamasyna gol çeken ilkinji arap döwleti boldy. Ondan öň Iordaniýa soňky gezek 1994-nji ýylda Ysraýyl bilen parahatçylyk şertnamasyna gol çekdi

Geçen ýylda BAE-nyň daşary syýasaty bir taraplaýyn bolup, Ysraýyl bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga tarap ugrady. Abu-Dabiniň daşary syýasatyna köp tankyt edilse-de, Abdullah bin Zaýed BAE bilen sionist režim arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak baradaky şertnamanyň beýleki arap ýurtlarynyň  Ysraýyl bilen gatnaşyklary ýola goýmagyna ýol açjakdygyna umyt bildirdi. Başgaça aýdylanda, BAE hökümeti Ysraýyl bilen gatnaşyklar barada ýörite hasap açdy.

BAE-de daşary syýasatda Ysraýyl  režime golaýlaşmagy arap şahsyýetinden sowulmagyny aňladýar. Bir tarapdan, Ysraýyl bilen baglaşylan şertnama Arap Palestina döwletiniň bähbitlerine ters gelýär, beýleki tarapdan Abu Dabi hökümeti geň bir usul bilen Abu Dabä howp abandyrmaýan ýöne Ysraýyl bilen söweşmäge ukyply arap toparlaryny terrorçy diýip atlandyrdy . Başgaça aýdylanda, BAE hatda özüni Ysraýylyň bähbitleriniň goragçysy hasaplaýar. Abu Dabiniň resmileri Tel Awiw bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak baradaky şertnama gol çekilenden soň bu şertnamanyň Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky gurluşygy togtatmaga gönükdirilendigini öňe sürdüler.

Ýene bir mesele, Abdulla bin Zaýediň aýdan sözleri BAE-nyň daşary syýasatynda ekstremizmi görkezýär. BAE-nyň Daşary işler ministriniň aýdan sözleri Ysraýyl tarapdary Günbatar ýurtlary tarapyndan hem has az aýdylýar

Iň soňky nokat; BAE- nyň Daşary işler ministri bu sözleri Amerikan ýewreý komitetiniň wirtual konferensiýasynda aýtdy. BAE hökümdarlarynyň esasy maksatlaryndan biri ýewreýleri özüne çekmekdir. bu sözlerinden soň BAE iki ýyllap BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň agzasy boldy. BAE öňkülerinden has köp ýewreý lobbisiniň we sionizmiň täsiri astyndadyr.

 

Tags