Jul 15, 2021 19:12 Asia/Ashgabat
  • Türkmen-hytaý gatnaşyklary berkeýär

13-nji iýulda «Oguzhan» köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi. Ol Türkmenistana iki günlük resmi sapar bilen geldi.

Türkmen Döwlet Baştutany we Hytaýyň daşary işler ministri taraplaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde mundan beýläk-de ysnyşykly gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, iki döwletiň halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakynlygynyň özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýändigini bellediler.

 Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmek boýunça başyny başlan strategiýasynyň hem-de hytaýly hyzmatdaşlaryň “Bir guşak — bir ýol” taslamasynyň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Şol başlangyçlar umumy taryhy ýörelgelere esaslanmak bilen döwletleriň hem-de halklaryň abadançylygyna we rowaçlygyna hyzmat edýär.

Söhbetdeşler gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynda okgunly ösüşe eýe bolandygyny aýtdylar. Bilelikdäki möhüm taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy munuň miwesidir.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň hem Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depginini belläp geçdiler. Biologiki we maglumat howpsuzlygy, energetika, ykdysadyýetiň çig mal däl pudaklary, medeniýet, bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda özara hereketleriň ösdürilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Nobatdaky saparyň Türkmenistanyň we Hytaýyň Döwlet baştutanlary tarapyndan olaryň şu ýylyň maýynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň barşynda kesgitlenilen hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlaryna laýyklykda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegi ugrunda möhüm ädim bolup durýandygy bellenildi.

Şu ýylyň maýynda Sian şäherinde geçirilen gepleşikleriň netijeliligi hem nygtaldy, onuň barşynda türkmen-hytaý özara hereketleriniň gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

 

Tags