Jul 24, 2021 18:07 Asia/Ashgabat
  • Gazagystan Täjigistany suw ýetmezçiligini çözmäge çagyrdy

Gazagystan suw ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin Täjigistany goldawa çagyrdy.

Duşenbede ýerleşýän Fars habar gullugynyň habaryna görä Gazagystanyň premýer-ministri Askar Mamin Täjigistanly kärdeşi Gaher Rasulzadeh bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Gazagystandaky güýçli guraklygy aladalandyryjy bildi.

Rasulzadeh hem, 2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda Täjigistan, Özbegistan we Gazagystanyň arasyndaky Özara düşünişmek Memorandumynda ylalaşylan mukdardan başga-da, dostlukly gatnaşyklar we hoşniýetlilik esasynda, "Täjig deňzi" suw howdanyndan goşmaça 50 kub metr suw Gazagystana bermek karara gelendigini aýtdy.

Iki premýer-ministr şeýle hem söwda, ykdysadyýet, senagat, oba hojalygy, suw we energetika, ulag we tranzit ugurlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdy.

Tags