Jul 27, 2021 11:35 Asia/Ashgabat
  • Tunisde döwlet agdarylyşygynyň ýüze çykmagy

Tunisiň prezidenti Kais Said ýekşenbe güni agşam premýer-ministr Hişam al-Maşişini wezipesinden boşadyp, ministrler kabinetini bozup, parlamenti togtatdy .

Tunisiň prezidenti Kais Said ýekşenbe güni agşam premýer-ministr Hişam al-Maşişini wezipesinden boşadyp, ministrler kabinetini bozup, parlamenti togtatdy we diplomatlaryň syýasy immunitetini  ýatyrdy. Bu ädim, prezident, premýer-ministr bilen Tunisiň mejlisiniň arasynda häkimiýeti bölýän konstitusiýa garşy soňky on ýylda Tunisdäki iň uly ädimdir.

Bu wakalary, şol wagtky prezident Ben Alynyň işden aýrylmagyna sebäp bolan 2011-nji ýyldaky halk hereketinden bäri Tunisdäki iň uly syýasy krizis hasaplamak bolar. Tunisiň prezidentiniň bu ädimi, Demirgazyk Afrikanyň kiçi ýurdunda birnäçe aý bäri dowam eden syýasy dartgynlykdan soň. Şeýle-de bolsa, Tunis prezidentiniň döwlet agdarylyşygy baradaky negatiw reaksiýalar artýar.

Ännähze hereketiniň başlygynyň orunbasary Ali al-Arid, Prezidentiň yglan eden kararlary hökümet edaralaryna, konstitusiýa we Tunis halkynyň rewolýusiýasyna garşy agdarlyşykdyr,diýdi.

Ýgakyn günlerde "Kais Said" -iň döwlet agdarylyşygynyň garşydaşlarynyň we tarapdarlarynyň köçe hataryna garaşmaly ýalydyr.

Tunisiň prezidenti, Tunis hökümetiniň duýdansyz we konstitusiýa garşy hereketini korona epidemiýasyny nädogry dolandyrmakda we ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagynda günäkärledi.

Şeýle-de bolsa, Tunisiň premýer-ministr bilen prezidentiň arasynda ministr saýlamak meselesinde köpden bäri çekeleşip gelýändigini we aslynda iki ýokary wezipeli adamyň arasynda güýç ugrundaky göreşiň bardygyny ýatdan çykarmaly däldir.

Soňky günlerde Tunisiň dürli şäherlerinde ýaşaýan adamlar hökümetiň koronany nädogry dolandyrmagyna, şeýle hem kyn durmuş şertlerine garşy köçe ýörişleri gurady.

Tunisiň prezidenti demonstrantlara garyplygy sebäpli ýurtda bulam-bujarlyk döretmezlik barada duýduryş berdi.

Tunisdäki syýasy dartgynlyk, ýurtdaky ykdysady ýagdaýyň Corona wirusynyň ýaýramagy we işsizligiň we garyplygyň ýokarlanmagy bilen ýüze çykdy.

Bu ýagdaý, bu ýurtda köp adamyň ykdysady we sosial şertlere nägilelik bildirip, syýasy aladalaryna garamazdan köçe protestlerine gatnaşmagyna sebäp boldy.

Şeýle-de bolsa, ýakyn günlerde Tunisdäki syýasy dartgynlygyň hasam güýçlenmegine garaşylýar.