Jul 28, 2021 15:27 Asia/Ashgabat
  • Orsýet ABŞ-ny Liwiýada, Siriýada, Owganystanda we Yrakdaky harby gatnaşygyny bes etmäge çagyrdy

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Amerikany Yrakdaky, Liwiýadaky, Owganystandaky we Siriýadaky harby gatnaşygyny bes etmäge çagyrdy.

Fars habar gullugynyň beren habaryna görä Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa sişenbe güni hepdelik metbugat ýygnagynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň baş ştabynyň başlygynyň orunbasary Jon Haýtonyň aýdanlaryna jogap höhminde Siriýada, Owganystanda, Liwiýada we Yrakdaky iň az harby güýjüni saklamagy bes etmelidigini aýtmak bilen Amerikan goşunlarynyň hemmesi bu ýurtlary terk etmelidiginidigini aýtdy.

Jon Haýton Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Siriýada, Owganystanda, Liwiýada we Yrakda terrorçy toparlaryň howplaryna we Hytaýyň we Orsýetiň tarapyndan abanýan howplara garşy göreşmek üçin az mukdarda harby güýçleriň boljakdygyny toslady.

Amerika 2001-nji ýylyň oktýabr aýynda Nýu-Yorkorkuň Manhattanda ekiz diňlere garşy bolan hüjümi bahanalap we terrorçylyga garşy göreşmek ugurda Talybany agdarmak üçin Owganystana çozdy. Bu ýurduň 20 ýyl harby barlygy Owganystany weýran edendir we häzirki ýagdaýda Owganystandan gaçyp barýandyr.

Yrak hem köpçülikleýin gyryş ýaraglary bahanasy bilen 2003-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň harby hüjüminiň sahnasyna öwrüldi. Bu işiň, ýüzlerçe müň yraklynyň öldürilmeginden, terrorçy toparlaryň köpelmeginden we ýurduň syýasy garaşsyzlygynyň bozulmagyndan başga hiç bir netijesi bolan däldir.

Siriýanyň resmileri ABŞ-nyň Siriýa sebitlerinde bikanun bolmagy ýurduň nebitini ogurlamak we Siriýanyň daşynda satmak maksatlydygyny aýtdy.

Yrakdaky, Siriýadaky we Owganystandaky resmiler ABŞ-nyň harby goşulyşmagyna garşy ençeme gezek garşy çykandyrlar.

Tags