Jul 10, 2021 10:54 Asia/Ashgabat

bölüm 901, süre şura, aýat 15-18

راهی بسوی نور(901)

Şura süresi , 15 we 16-njy aýatlar :

فَلِذَلِكَ فَادْعُ وَاسْتَقِمْ كَمَا أُمِرْتَ وَلَا تَتَّبِعْ أَهْوَاءهُمْ وَقُلْ آمَنتُ بِمَا أَنزَلَ اللَّهُ مِن كِتَابٍ وَأُمِرْتُ لِأَعْدِلَ بَيْنَكُمُ اللَّهُ رَبُّنَا وَرَبُّكُمْ لَنَا أَعْمَالُنَا وَلَكُمْ أَعْمَالُكُمْ لَا حُجَّةَ بَيْنَنَا وَبَيْنَكُمُ اللَّهُ يَجْمَعُ بَيْنَنَا وَإِلَيْهِ الْمَصِيرُ (15)‏ وَالَّذِينَ يُحَاجُّونَ فِي اللَّهِ مِن بَعْدِ مَا اسْتُجِيبَ لَهُ حُجَّتُهُمْ دَاحِضَةٌ عِندَ رَبِّهِمْ وَعَلَيْهِمْ غَضَبٌ وَلَهُمْ عَذَابٌ شَدِيدٌ (16)

<, onda olary ( haka tarap ) çagyr we emre görä mäkäm bol we nebsiň haý höwüsine eýermekden saklan we : alla tarapyndan inen her bir kitaba iman getirdim we siziň araňyzda adalat bilen çemeleşmeklige emir edildim, alla siziň we biziň terbiýeleýjimizdir biziň amallarymyz biz üçin we siziň amallaryňyz hem siz üçindir, siz bilen biziň aramyzda hüjjet bolmaz, alla siz bilen bizi ( kyýamatda ) bir ýere jemlär we biziň barymyz oňa tarap dolanjakdyrys diýip aýt // we allanyň  çakykygyny kabul eden soňlar ol barada jedel edýän kimseleriň getirýän delilleri perwerdigärleriniň ýanynda batyldyr we ( alla tarapyndan ) olara gazap ediler we olar üçin güýçli azap bardyr .>>

Geçen gepleşikde bütin asmanlyk dinlaryň kökleriniň bir zaddygyny aýtdyk . gurhan kerim bu aýatlarda yslam pygamberine ýüzlenip aýdýar : hemmeleri hä müşrük bolsunlar hä kitap ähli, olary , özüňä wahyý bolan dine tarap çagyr, çünki seniň diniň asmanlyk dinlaryň iň soňkysydyr, onda özüňä wahyý bolan zatlary kem – kötsüz halka ýetirip öz diniňi wagyz etmekde mäkäm bol we müşrükleriň we adamlaryň razylygyny gazanjak bolup öz diniňi wagyz etmekde keýeňlik goýberme, her bir topar seni özüne tarap çekip özleriniň şahsy bähbitlerine ýetjek bolup tagalla edýändirler, ýöne sen olaryň haý höweslerine eýerme we hemmeleri ýeke taňrynyň dininiň töwereginde ýygnajak bolup tagalla et we jöhitlerden we hristianlardan ybarat bolan kitap ähline : men alla tarapyndan inen ozalky asmanlyk kitaplara imanym bar men siziň pygamberleriňizi we kitaplaryňyzy kabul edýärin we meň pygamberlik borjum bolsa şol pygamberleriň işiniň dowamydyr ýöne meniň dinim ol pygamberleriň getiren dinlarynyň kämil we doly görnüşidir” diýip aýt.

Gurhany kerim bu aýatda ýene yslam pygamberine ýüzlenip aýdýar : sen kitap ähline ýüzlenip : ozalky pygamberleriň köpçülikde adalaty ýöretmeklige borçly edilişleri ýaly men hem siziň araňyzda adalat bilen höküm etmeklige borçly edildim, onda indi size hüjjet tamam boldy delil getirildi we jedel etmeklige hiç hajat ýok , alla kyýamatda biz bilen sizi bir ýere jemlär we şol günde siz bilen biziň aramyzda allanyň özi höküm eder şonda allanyň siz bilen biziň aramyzda nähili höküm etjekdigini görersiňiz diýip aýt .

Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar: ýöne gynanç bilen olar yslam dinini ejizletjek bolup jedel edýärler sebäbi olar , halkyň yslam dinine ýüzlenip topar topar oňa birikmeginden korkýarlar . müşrükler hem hak aýan bolansaň haka boýun egmegiň ýerine onuň bilen terisleşýändirler, olar hiç delil we mantyk getrmezden özleriniň nädogry ynam ygtykatlarynyň üstünde aýak direýändirler hatda olaryň yslam dinini ret etmekde getirýän delilleri hem allanyň ýanynda bir batyl zatdyr şonuň üçin olaryň aýdýan zatlary allanyň gahar gazabyny getirlip olary allanyň azabyna duçar edýändir .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- özgeleriň razylygyny gazanjak bolup din buýruklaryny ýerne ýetirmekden saklanmaly däldir eýsem diniň aýdýan zatlarynyň üstünde berk durmalydyr.

2- bir ynam ygtykat haka jebis gelen ýagdaýynda onuň üstünde berk durmaklyk söýerli işdir ýogsa köre körlük bilen bir ynam ygtykada eýermeklik bir bihuda zatdyr .

3- köpçülikde adalaty ýöretmeklik asmanlyk dinlaryň maksatlaryndandyr.

4- bir zadyň üstünde jedel etmeklik ol zadyň hakykatyna ýetmek üçin bolsa söýerlidir ýogsa bir zady ret etmek üçin bolýan jedeller ynsany hakykata ýetirmez.

Şura süresi , 17 we 18-nji aýatlar :

اللَّهُ الَّذِي أَنزَلَ الْكِتَابَ بِالْحَقِّ وَالْمِيزَانَ وَمَا يُدْرِيكَ لَعَلَّ السَّاعَةَ قَرِيبٌ (17) يَسْتَعْجِلُ بِهَا الَّذِينَ لَا يُؤْمِنُونَ بِهَا وَالَّذِينَ آمَنُوا مُشْفِقُونَ مِنْهَا وَيَعْلَمُونَ أَنَّهَا الْحَقُّ أَلَا إِنَّ الَّذِينَ يُمَارُونَ فِي السَّاعَةِ لَفِي ضَلَالٍ بَعِيدٍ (18)

<< kitap we mizany hak bilen inderen kimse, alladyr. we sen bilmersiň belkide kyýamat golaýdyr . // oňa imany bolmadyk adamlar onuň gelmegine howlukýandyr we oňa imany barlar hem ondan gorkýandyrlar (çünki olar ) kyýamatyň hakdygyny bilýärler , habardar boluň kyýamat hakynda şek şübhe edýän adamlar gaty gümralykdadyrlar.>>

Yslam pygamberi geçen aýatlarda özüniň getiren yslam dinini müşrüklere we kitap ähline tanadandyr . gurhany kerim bu aýatlarda aýdýar : biziň iman getiren taňrymyzy halky dogry ýola getirmek üçin asmandan kitap iberen we hak bilen na haky saýgarmak üçin ölçeg we mizan goýan perwerdigärdir, sebäbi ynsanlar umuman özleriniň şahsy bähbitlerini arap hak bilen na haka baha berýändirler. diýmek diňe özüniň şahsy bähbitleriniň yzynda bolan ynsan bir zat dogry bolmasada içinde bähbidi bolsa ony dogry bilýändir, ýada içinde bähbidi bolmasa ol zat hakda bolsa ony hak bilýän däldir. umuman alla tagala hakdyr we ondan gelip çykýan zatlar hem hakdyr . alldan gelip çykýan sözlerde we amallarda ýaramazlyk we naraslyk bolmaz. şeýlede pygamberlere bolan wahyýň çygyrynda ýüze çykýan şerigat hem hakdyr we ynsanlara hakykatyň nämedigini açyklap berýändir . şerigatyň açyklap berýän hakykatlarynyň birisi kyýamatdyr we kyýamatda dikeldiljek mizan terezisidir. şonuň üçin hem gurhany kerim ynsanlaryň ünsüni kyýamata tarap we kyýamatda ynsanlaryň gabat geljek howplaryna tarap çekmek bilen olary bu howplardan alyp galýandyr . gurhany kerim bu aýatda kyýamatyň howpy barada duýduryş bermek bilen hem : sen bilmersiň belkide kyýamat golaýdyr diýip aýdýar . ýöne gynanç bilen kä adamlar hiç bir delil getirmezden kyýamaty ret edýändirler . yslam pygamberiniň zamanynda hem müşrükler kyýamatyň berhaklygyny inkär edip yslam pygamberine ýüzlenmek bilen: egerde aýdýanyň dogry bolsa kyýamaty basym getir tä siz behişde, biz hem dowzaha gideýli diýip aýdýardylar ýöne müşrükleriň tersine mömin adamlar kyýamatyň berhaklygyna iman getirip kyýamatyň gorkysyndan özüniň amallaryna we işlerine esewandyrlar sebäbi bu dünýäde edýän her bir amallarynyň kyýamatda soragynyň bardygyny bilýändirler . bu mömin adamlar bu dünýäni ahyret üçin bir başlangyç bilýändirler . onsoňda kyýamatyň haçan gopjakdygy ynsanlardan basyrgylydyr hatda yslam pygamberi hem onuň zamanyndan bihabardyr, ýöne kyýamatyň zamanynyň belli däl ligi onuň ber hak däl ligi manasynda däldir eýsem kyýamatyň zamanynyň belli dälligi ynsan üçin peýdaly bir zatdyr we ynsanyň kyýamatyň gorkysyndan öz amallaryna köpräk esewan bolmaklygyna sebäp bolýandyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- gurhany kerim , hak bilen na haky saýgarmak üçin bir ölçegdir sebäbi alla tarapyndan gelen zada batyl we narastlyk ornap bilmez .

2- hiç bir ynsan kyýamatyň haçan gopjakdygyndan habarly däldir onda ynsan uzyn ozak arzularda bolmaly däldir çünki belkide kyýamat golaýdyr .

3- imanyň nyşanalarynyň birsi , mömin adamyň öz amallaryna we işlerine hemişe esewan bolmaklygydyr, sebäbi mömin adam kyýamatda özüniň eden etmişleri barada jogap bermelidigini bilýändir.

4- müşrükleriň din bilen terisleşmekde edýän işleriniň birside möminleriň ýüreklerine şek şübhe oklamak ugurda tagalla etmekleridir . oňa görä olaryň ýaýradýan şek şübhelerine üns bermeli däldir.

//////////