Apr 25, 2020 13:41 Asia/Ashgabat
  • Oraza aýy gutly bolsun

Remezan aýy - Hijri-kamary aýlaryń onunjysydyr. Remezan sözi: aslynda güneşiń toprak ýa-da daşa düşüp döreden gyzgynlygyny ańladýar. Araplaryń aýlaryń adyny gadymy dilden geçirenlerinde şol aýyń gabat gelýän wagtyny esas alandyklary we bu aýyń gyzgyn döwre gabat gelenligi bildirilýär.

 

Dinimizde Remezan a‎ýynyń örän uly ähmiýeti bardyr.

1.  Dinimiziń mukaddes kitaby bolan Kurany Kerim, Alla Tagala tarapyndan Pygamberimiz Muhammet aleýhisselama Remezan aýynda iberilmäge başlanypdyr. Bu hakykat Kurany Kerimde şeýle beýan edilýär: "Remezan aýy, ynsanlara ýol görkeziji we dogrylygyń hem-de dogrylygy egrilikden aýyrmagyń anyk delilleri hökmünde Kuranyń inderilen aýydyr." (Bakara 2/185). 

2.  Pygamberimiz Muhammet aleýhisselama pygamberlik wezipesi hem bu aýda berlipdir. Jebraýyl perişde Pygamberimize ilkinji Kuran aýatlaryny getirmesiniń yzysüre onuń Allanyń resulydygyny (ilçisidigini), özüniń bolsa Alla Tagalanyń periişdelerinden Jebraýyldygyny beýan edipdir. 

3.  Kurany Kerimde müń aýdan has haýyrlydygy bildirilýän Gadyr gijesi hem bu aýyń içindedir. Bu barada Kurany Kerimde şeýle buýrulýar: “Еlbеtdе Biz оnу (Gurhanу) gаdуr gijеsindе indirdik. (Еý Мuhаmmеt) gаdуr gijеsiniň nämеdigini sen nirеdеn biljek! Gаdуr gijеsi müň аýdаn has hayyrlydyr.” (Kadr 97/1-3). Şonuń üçin hem Remezan aýynyń bu gijesi musulmanlara bagş edilen uly pursatdyr.

4.  Yslamyń bäş şertinden biri bolan we ynsany nebsiniń aşa arzuwlaryndan şeýle hem maddy hyrslaryndan gorap beýgelden oraza ybadaty hem bu aýa mahsus edilipdir. Remezan gijelerinde musulmanlaryń jemagat bolup okaýan tarawa namazy-da bu aýa degişli bir ybadatdyr. 

Oraza

Oraza sözi, parsça “günlik” manysyny berýän “Roze” sözünden Türkmen dilimize Oraza görnüşinde geçipdir. Bu sözüń Kurany Kerimdäki görnüşi “sawm” we “syýam”-dyr. "Sawm" sözüniń sözlükdäki manysy: iýip-içmekten özüńi saklamak, çetde durmak, berhiz etmekdir. 

Yslam adalgasynda bolsa bu söz: “niyet edip imsak wagtyndan, ýagny dań ýeriniń agarmaga başlan çagyndan, tä gün ‎ýaşýança iýip-içmekden we jynsy gatnaşykdan daş durmak görnüşindäki bir ybadaty” ańladýar. Türkmen dilimizde bu hereket “oraza tutmak” we “agyz beklemek” diýlip atlandyrylýar. Yslamyń esasyny emele getirýän bäş sütüniń biri hem Remezan aýynda oraza tutmakdyr. Kurany–Kerimde " "يَٓا اَيُّهَا الَّذ۪ينَ اٰمَنُوا كُتِبَ عَلَيْكُمُ الصِّيَامُ كَمَا كُتِبَ عَلَى الَّذ۪ينَ مِنْ قَبْلِكُمْ لَعَلَّكُمْ تَتَّقُونَۙ (Oraza, sizden öńkilere parz edilşi yaly, size-de parz edildi) (Bakara 2/183) buýrulmak bilen, orazanyń dińe bir musulmanlara däl, eýsem ynsanlyga iberilen ilkinji Pygamber Adam Atadan başlap, ondan sońky pygamberleriń we olara ynananlaryń ählisine parz edilenligini anyk görkezýär. Şonuń üçin hem oraza, ynsanlygyń başlangyjyndan bäri Alla Tagala tarapyndan ýerine ýetirilmegi parz edilen bir ybadatdyr. Çünki orazanyń ynsanyń ruhy taýdan päklenip, ahlak taýdan kämilleşmegine bolşy ýaly, başga-da birnäçe maddy we magnawy peýdalary bardyr. Ýöne käbir rowaýatlaryń daşynda öńki ymmatlara parz edilen orazanyń haçan we näçe wagtdan ybarat bolup, nähili görnüşde ýerine ýetirlenligi barada takyk maglumatlary tapmak mümkin däldir. 

Oraza hijri ýyl hasabynyň ikinji ýylynda, ýagny Hezreti Muhammet Pygamberiń Mekkeden Medinä göçeninden sońraky ikinji ýylda parz edilipdir. Bu barada Kuranda şeýle buýrulýar: "Eý iman edenler! Oraza, sizden öńkilere parz edilşi yaly, size de parz edildi. Belki (erbetliklerden) goranarsyńyz.” (Bakara 2/183). “... sizden herhaýsy birińiz bu aýa (Remezan aýyna) erişse, oraza tutsyn! (Bakara 2/185). Hezreti Pygamberimiziń hadyslarynda hem Remezan aýynda oraza tutmaklygyń Yslamyń bäş şertinden biridigi nygtalyp geçipdir. (Buhari, İman, 2).