Apr 25, 2020 13:51 Asia/Ashgabat
  • agzybeklemegiň şertleri

Dinimiz, bir kişiniń oraza tutmagynyń parz bolmagy üçin özünde şu häsýetleriń jemlenen bolmagyny şert edipdir:

 

1. Musulman bolmak.

2. Akylly bolmak.

3. Dini taýdan kämillik ýaşyna ýeten bolmak.

Bu şeрtler özünde bolmaýanlara oraza tutmaklyk parz däldir. Ýöne heniz dini taýdan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary, bedenlerine zyýan bermejek görnüşde oraza tutmaklyga öwrenişdirmek dürsdir.

Orazany berjaý etmekligiń şertleri

Orazanyń bir kişä parz bolmagy üçin gerek bolan şertlerden başga bu ybadatyń berjaý edilip bilmegi üçin hem käbir şertleriń jemlenmegi hökmandyr: 

1. Sagdyn bolmak.

2. Oturumly bolmak (mukym bolmak), ýagny ýolagçylykda bolmazlyk.

3. Orazany tutup bilmejek derejede ýarawsyz bolan kişiler bilen, dini hasaplara görä ýolagçy hasaplanylýän kişiler orazalaryny sońa goýup bilerler. Ýarawsyzlar gowlanşanyndan sońra, ýolagçylar bolsa ýaşaýän ýerlerine gaýdyp gelenlerinden sońra tutup bilmedigi günleri kaza ederler.

Orazanyń dürs bolmagynyń şertleri

Oraza tutma şertleri özünde bar bolan kişileriń, tutjak orazalarynyń dürs bolmagy üçin şu şertler berjaý edilmelidir:

1. Oraza tutmaklyga niýet etmek (ýürekden edilen niýet hem ýeterlikdir).

2. Agyz beklenýän wagtdan, agyz açylýan wagta çenli iýme, içme we jynsy gatnaşykdan uzak durmalydyr.

3. Zenanlar adat we çaga çilesi günlerinde bolmaly däldir.

Munyń ýaly günlerde zenanlar tämizlenýänçäler oraza tutmazlar we namaz okamazlar. Tämizlenenlerinden sońra oraza dowam edip geçen günleri hem sońra kaza ederler, namazy bolsa kaza etmeleri hökman däldir.  

Orazanyń görnüşleri

Orazanyń bäş görnüşi bardyr:

1. Parz bolan orazalar: Remezan aýynda oraza tutmak we bu aýda tutulyp bolmadyk orazany başga günlerde kaza etmek. Şeýle hem keffaret orazalary parzdyr. 

2. Wajyp bolan orazalar: Adak-nezir orazalary bilen, niýet edilip başlananyndan sońra bozulan nepil orazalaryny kaza etmek wajypdyr.

3. Sünnet bolan orazalar: Muharrem aýynyń dokuzynjy gününü onunjy güni bilen birlikde ýa-da onunjy gününi onbirinji güni bilen birlikde agyz beklemek sünnetdir.

4. Müstehab bolan orazalar: Kamary aýlarynыń 13-14-15 günleri bilen hepdäniń Duşenbe we Penşenbe günleri, şeýle hem Remezandan sonraky Şewwal aýynda alty gün agyz beklemek müstehabdyr.

5. Mekruh bolan orazalar: Mekruh bolan orazalar iki dürlüdir:

a) Tenzihen mekruh bolan orazalar: Muharrem aýynýń dińe onunjy güni bilen dińe Anna günleri we dińe şenbe günleri oraza tutmak; bir güniń orazasyny iyip-içmän ertesi günki oraza birleşdirmek we ýylyń dowamynda oraza tutmak hem tenzihen ýagny halala ýakyn mekruhdyr.

b) Tahrimen mekruh bolan orazalar: Oraza baýramy güni bilen Gurban baýramynyń üç güni agyz beklemek tahrimen ýagny harama ýakyn mekruhtur.

Orazaда haçan we nähili niýet edilmeli?

Orazanyń ähmiýetli şertlerinden biri-de niýet etmekdir. Niýetsiz tutulan oraza dürs däldir. Şu sebäpden hem haçan we nähili niýet edilmelidigini öwrenmek zerurdyr. 

Oraza niýet etmekligiń wagty ikä bölünýär:

1. Agşamdan başlap gündizki guşlyk vagtyna çenli niýet edip bolýan orazalar: 

Bular, Remezan aýynda tutulýan oraza we belli günlerde tutulmagy nezir edilen orazalar şeýle hem tutulmagy nepil bolan orazalardyr. Bu orazalara gije, imsak (agyz bekleme) wagtyndan öń hem niýet edip bolşy ýaly, gündiz guşlyk wagtyna çenli-de niýet etmek mümkindir. Gije niýet etmek bolsa has gowsudyr. Eger gündiz niýet ediljek bolsa, onda şol güniń agyz bekleme wagtyndan sońra iýip-içme we orazany bozýan beýleki işler edilmedik bolmalydyr.

2. İmsak wagtyndan öń, gijeden niýet edilmeli orazalar: Remezan aýynda tutulyp bilmänligi sebäpli başga bir wagtda kaza ediljek Remezan orazasyna; her görnüşdäki keffaret orazalaryna; başlanandan sońra bozulyp başga bir wagt kaza ediljek nepil orazalara we adak-nezir edilip wagty belli edilmedik orazalara, özleri üçin bellenen bir wagt bolmanlygy sebäpli imsakdan öń niýet etmek gerekdir.

Selälige turmak islemeýän bir kişiniń, agşamdan sońra ertiriń orazasyna niýet etmegi dürsdir. Şeýlelikde gije turup täzeden niýet etmegi hökman däldir. Aslynda niýet ýürek bilen edilmelidir. Ýagny bir kişi öń ýüzündäki gijede, ertir oraza tutmagy ýüregine düwse, onuń ertirki oraza niýet etdigi bolar. Oraza tutmak pikiri bilen selälige turan kişiniń bu pikiri hem niýetdir. Oraza ýürek bilen edilen niýet ýeterlikdir. Ýöne ýürekden edilen bu niýeti dil bilen gaýtalamak has gowudyr. Bu sebäpden, oraza tutjak kişi, hem içinden niýet etmeli, hem-de dili bilen: "Niýet etdim Remezany şerifiń ertirki orazasyna" diýip aýtmalydyr. Her güniń orazasyna täzeden niýet etmek hökmandyr.

Orazany bozýan hereketler

Oraza ters bir hereket edilen halatynda oraza bozular. Orazany bozýan käbir hereketleriń netijesinde kaza hem-de keffaret orazalarynyń tutulmagy zerurdyr. Käbir hereketlerde bolsa dińe kaza orazasynyń tutulmagy ýeterlikdir.

Orazany bozup kaza hem-de keffaret orazasyny

tutmaklygy zerur eden hereketler

Keýp we lezzet berýän adaty zatlary iýip-içmek ýa-da amal etmek, kaza hem-de keffaret orazasyny tutmagy zerur edýär. Keffaret, oraza tutmazlygyň däl-de tutulan orazanyň bilkastlaýyn bozulmagynyň jezasydyr. Şonuň üçin remezany şerifde oraza tutmaga hiç niýet etmedik biri, tutmadyk günlerini diňe kaza edýär. Ýöne “niýet etmeseň keffaret gerek däl eken” diýen düşünje bilen Remezan orazasyny tutmazlyk, diniň esasy parzlaryndan biri bolan Remezan orazasyny äsgermezçilik etmekdir. Bu bolsa uly günädir.

1. Agzynyń beklidigini bilmegine garamazdan iýip-içmek ýa-da jynsy gatnaşykda bolmak. Iýlip-içilen zadyń iýmit ýa-da derman bolmagynyń arasynda tapawut ýokdyr.

2. Agza giren ýagyş, gar we dolynyń öz islegiń bilen ýudulmagy.

3. Çilim çekmek, nas atmak ýa-da başga maksat bilen tüssäni içińe çekmek.

4. Bugdaý ýa-da arpanyń dänesini ýutmak.

5. Daşardan künji dänesi mukdaryndaky bir zady alyp ýutmak.

6. Az mukdarda duz iýmek.