Jan 09, 2023 21:18 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri: gozgalaňlaryň maksady, ýurduň güýçli taraplaryny ýok etmekdi

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezrei Aýatolla Hameneýi Eýrandaky bidüzgünçilikleriň maksadynyň ýurduň kemçilikleriniň düzeldilmegi üçin bolan däldigini eýsem onuň kuwwatly pudaklarynyň ýok edilmegi üçin bolandygyny nygtadylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, taryhyň özgerişli wakalaryny sapak beriji ajaýyp tejribelerini ýa-da ylahy däp-dessurlary öz içine alýandygyny aýtdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, 1356-njy ýylyň 19-njy Deý güni (1978-nji ýylyň 9-njy ýanwary) Kum halkynyň taryhy aýaga galmaklarynyň ýyl dönüminde, bu şäheriň ilaty bilen bolan duşuşygynda 1356-njy ýylyň 19-njy Deý-de Kumda bolup geçen uly wakadan sapak almagy we ony diri saklamagy zerur hasaplamak bilen Kum şäheriniň mümen we ynkylapçyilatynyň uly aýaga örişi Eýranyň boýdan başyna ýaýrap diktator režimiň ýykylmagyna sebäp bolandygyny beýan etmek bilen Pahlawi döwründäki Eýranyň, Amerikalylaryň ýalňş medeniýetiň we syýasy-harby agdyklyk etmeginiň aýak aşagynda galandygyny nygtadylar.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy mukaddes goranyşy wezipe duýgusynyň we töwekgelçilikleriň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bilen şeýle diýdiler: Yragyň ölen diktatory Saddam ABŞ, Sowet Soýuzy, NATO we yza galak ýurtlaryň goldawy bilen Eýrany bölmek maksady bilen hüjüm etdi, ýöne bu psöweşinde Eýran ýeňiş gazandy we olar hiç hili ýalňyşlyk edip bilmedi, we ýurduň bir bölegi-de ýurtdan aýrylmady diýip beýan etdiler.

Hezretleri Aýatolla Hameneýi, rewolýusiýanyň ýeňşini we Eýrany Amerikanyň agyr agalygyndan halas etmegi Yslam ulgamy bilen duşmançylygyň esasy sebäbi hökmünde ýatlamak bilen Amerikanyň abraýly merkezinden şol wagt Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Jimmi Karteriň, Yslam respublikasyny agdarmak baradaky buýrugy barada gizlin resminamanyň berilmegine salgylanyp, bu resminama laýyklykda Karter Merkezi aňtaw gullugyna Yslam respublikasyny agdarmagy buýurýar we ilkinji bellän strategiýasy propaganda ulanmakdyr diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri çykyşynyň başga bir bölüminde soňky bidüzgünçilikleriň dizaýnerleriniň maksadyny seljerip şeýle diýdiler: Bu wakalarda daşary ýurt duşmanynyň roly doly äşgär boldy we käbir adamlaryň daşary ýurt duşmanynyň gatnaşygyny inkär edip, bu wakalarda siz günäkär diýip aýtmaklary dogry däldir.

Hezretleri şeýle-de Amerikalylaryň we ýewropalylaryň soňky wakalarda oýnan aç-açan roluna yşarat edip, bu bidüzgünçiliklerde duşmanyň iň möhüm guraly kibernetik giňişlik we Günbatar, Arap we Ýewreý habar beriş serişdeleri arkaly propaganda we synag boldy diýdiler.