Jan 12, 2023 17:20 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri: Duşmanyň giňişleýin meýilnamasy başa barmady

Yslam Rewolýusiýasynyň mertebesi belent Ýolbaşçysy, Hezreti Fatima Zahra salamallah Alihanyň doglan gününiň şowly ýyl dönüminde Ahl al-Baýtyň (AS) maddahlarynyň we şahyrlarynyň ýygnagynda eden çykyşynda duşmanyň giňişleýin meýilnamasy, hasaplamalary ýalňyşdygy sebäpli başa barmady we şowsuz boldy diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, şu gün (penşenbe), Ahl al-Baýt dindarlarynyň bir topary bilen bolan duşuşygynda Hezreti Siddiqa Kobranyň söýgüsini we wepalylygyny şahsy we jemgyýetçilik işlerinde örän täsirli hasaplap, maddahi şaýylaryň mirasy we gowy sesiň, gowy poeziýanyň, laýyk aýdymyň we asylly mazmunyň utgaşmasyndan döredilen çylşyrymly sungat we beýleki gymmatly dini tekstler ýaly ähli elementleri owadan bolmaly diýip beýan etdiler.

Bu duşuşykda Hezreti Aýatolla Hameneýi duşmanyň bir ýurdy bozmak we weýran etmek üçin ähli zerur faktorlary ulanandygyny aýtmak bilen howpsuzlyk faktory, içaly toparlaryň aralaşmagy, dürli wagyz usullary  bilen dünýäde ulumsylygyň Iranofobiýanyň gozgalaňy, käbir içerki elementleri özleri bilen hemra etmek, etnik, dini, syýasy we şahsy sebäpleri öjükdirmek we giň ýaýran propagandalar birnäçe aý ozal işjeňleşdirlen päsgelçiligiň beýleki faktorlaryndandyr diýip nygtadylar.

Hezretleri şeýle-de synçy hökmünde ýüregimde duşmanyň gowy inženerçiligine "gowy iş" diýdim, sebäbi hemme zady ýerinde we dogry ölçegde üpjün etdi, ýöne bu meýilnamanyň käbir ýurtlarda täsirli bolmagyna garamazdan, olaryň Eýran baradaky hasaplamagy nädogry bolany üçin üstünlik gazanmadylar diýdiler.

Hezretleri Aýatolla Hameneýi: Duşman Eýran halkynyň ykdysady kynçylyklar sebäpli agdarmak we separatizm meýilnamasyny goldajakdygyny pikir etdiler diýmek bilen olar ýurduň işgärlerini biabraýçylyk, erbet sözler we dürli kemsitmeler ulanyp, passiw we meýdançadan çykaryp bilerler öýdüpdirler, synag we gozgalaň bilen ýurduň ýokary derejeli resmileriniň arasynda düşünişmezlige sebäp bolup biljekdigini pikir etdiler, ABŞ-nyň käbir hakyna tutulan ýurdunyň nebit dollary bilen Yslam respublikasynyň erkine täsir edip biler öýdüpdirler diýip aýdyp geçdiler.

Hezreti Aýatolla Hameneý sözüniň dowamynda: 40 ýyl bäri dürli ýollardan Yslam respublikasyna garşy synanyşýarlar, emma hasaplamalarynyň ýalňyşdygy sebäpli şu wagta çenli şowsuzlyga uçradylar we geljekde şowsuz bolarlar diýdiler.

Hezretleri şeýle-de duşmanyň nädogry hasaplamalarynyň biziň gapyl bolmazlygymyza sebäp bolmaly däldigini belläp, seresap bolmalydyrys, äsgermezlik we tekebirlik bolmazlygy üçin, meýdanda galyp, milleti gorap saklaýan faktoryň umyt we milli jebislikdigini bilmelidiris diýip sözlerine goşdylar.