Jan 25, 2023 17:24 Asia/Ashgabat

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň, radioderman öndürmekde dünýäde ilkinji bäş ýurduň hataryna girýändigini aýtdy.

Eýran Press  habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Muhammet Eslami çarşenbe güni hökümet wekiliýetiniň ýygnagynyň çäginde Eýranyň radioderman eksporty bilen baglanyşykly beren gürrüňlerinde, global korona epidemiýasy gutarandan soň, dünýäniň 9 ýurduna radioderman serişdeleri eksport etmek prosesi gaýtadan başlandy we Eýranyň Atom Energiýasy Guramasyndaky zähmetsöýer alymlar radioderman öndürmekde we üpjün etmekde öňdebaryjy ýurtlaryň arasyndadyr diýdi.

Eýranyň prezidentiniň orunbasary we Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy şeýle-de Eýranda öndürilýän radiodermanlar, anyklaýyş dermanlarynyň tizligini ýokarlandyrmaga ünsi jemlemekden başga-da, rak keselini bejermekde ulanylýan dermanlardan has ýokary täsirlidigini aýtdy.

Eslami şeýle-de häzirki wagtda Eýran, ýurduň derejesini we Eýrany dünýäniň iň gowy bäş ýurdunyň hataryna goşmagy başardy diýip sözlerine goşdy.