Jan 29, 2023 13:25 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Tähran bilen Bakuwyň arasyndaky gatnaşyklara erbet niýetli adamlar täsir edip bilmezler

Eýranyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Tähran we Bakuw hökümetleriniň öz gatnaşyklaryna erbet niýetli adamlar tarapyndan täsir edilmegine ýol bermejekdigini aýtdy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Tährandaky ilçihanasyna anna güni edilen hüjümde ilçihanany goraýan ýaragly adam öldürildi we başga-da iki garawul ýaralandy. Hüjüm eden ilkinji çykyşynda bu hüjümiň sebäbi hökmünde şahsy sebäpleri görkezdi.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä Seýid Ybraýym Raisi, şenbe güni agşam Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde oňa Tähranda Eýranyň hökümetiniň we halkynyň Azerbaýjan respublikanyň ilçihanasynda bolan heläkçilik üçin gynanç bildirdi.

Prezident Raisi, bu wakanyň ölçeglerini yzarlamak üçin degişli edaralaryň wezipesine ünsi çekip, Azerbaýjanyň halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirdi.

Şeýle hem Raisi, Eýran bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryň üznüksiz medeni we taryhy gatnaşyklara esaslanýandygyny aýtmak bilen Eýranyň we Azerbaýjanyň hökümetleri, olaryň arasyndaky gatnaşyklara iki ýurduň duşmanlarynyň hilegärlikleriniň täsir etmegine ýol bermezler diýdi.

Bu telefon söhbetdeşliginde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Raisi-e Azerbaýjan hökümetine we halkyna duýgudaşlygy we gynanjy üçin minnetdarlyk bildirmek bilen iki ýurduň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy şeýle bir güýçli bolmalydyr welin, hiç kimiň şeýle wakalar bahanasy bilen iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary bozmaga mümkinçilik tapmasyn diýdi.