Jan 29, 2023 15:34 Asia/Ashgabat
  • Goranmak ministrliginiň Yspyhanadaky merkezleriniň birine şowsuz hüjüm boldy

Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministrligi öz beýanynda: Şenbe güni agşam, Goranmak ministrliginiň Yspyhanadaky ussahanalarynyň birine kiçijik Pilotsyz uçarlar hüjüm etdiler, olaryň birisi toplumyň howa goragy we beýleki ikisi goranyş duzaklaryna düşüp asmanda partladylar diýip yglan etdi.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Yspyhanyň goranyş pudaklarynyň birinde bolan partlamadan soň, Eýran Yslam Respublikasynyň Ýragly Güýçleriniň Goranmak ministrligi bir beýannama boýunça bu şowsuz hüjüm, 1401-nji ýylyň 8-nji Bahman agşamy sagat 23:30 töweregi boldy we öňden görülen çäreler we çaklamalar sebäpli bu hüjümler  üstünlikli dep boldy diýip yglan etdi.

Bu beýannamada şeýle-de bu şowsuz hüjümde pidalar bolmady we ussahananyň üçegine ownuk zeper ýetdi, bu Hudaýyň merhemeti bilen toplumyň enjamlarynda we missiýalarynda päsgelçilik döretmedi diýip getirilendir.