Eýranyň metbugatyna garşy ABŞ-nyň täze sanksiýalary
ABŞ-nyň Gazna ministrligi Eýranyň içerki işlereine goşulmagyň dowamynda we adam hukuklaryny goldamak bahana bilen Eýrana täze sanksiýalary girizdirdi.
Anna güni ABŞ-nyň Gazna ministrligi Eýranyň içerki işlereine goşulmagyň dowamynda we adam hukuklaryny goldamak bahana bilen we Eýranda dartgynlylyk we tolgunyşyk döretmek bahanasy bilen täze sanksiýalary yglan etdi. ABŞ-nyň Gazna ministrliginiň Daşary baýlyklara gözegçilik gullugy (AFK) sanksiýalar sanawyna Fars habar gullugy, Tasnim habar gullugy we Press TW ýaly metbugata degisli 25 adamy we 4 Eýranyň metbugat institutyny goşandygyny habar berdi. Bu sanksiýalar, 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndaky bidüzgünçilikler bilen baglanyşykly (AFK) sanksiýalarynyň 13-nji tapgyrydyr.
ABŞ-nyň Gazna ministrliginiň beýanynda "Fars" habarlar gullugynyň baş direktory "Paýam Tirandaz" we 4 metbugat guramasy (ýokarda ady agzalan metbugat, Piştaz Peştaz gözleg kompaniýasy we onuň bilen birlikde 25 adamyň) bardygy öňe sürülýär .ABŞ söz azatlygyny basyp ýatyrmak we maglumata erkin girişi çäklendirmek" bahanasy bilen bu sanksiýalary girizdirendir.
Bu beýannama, hamana Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň söz we metbugat azatlygynyň basylmagynyň aýdyň beýany bolan Eýranyň metbugatyny boýkot etmeginiň sebäbini öňe sürýär we "Eýran hökümetiniň gözegçiligi astyndaky metbugat, garşy çykýan protestleri basyp ýatyrmakda möhüm rol oýnady diyip toslaýar.
ABŞ-nyň Gazna ministrligi tarapyndan Mahsa Aminiň aradan çykan gününe we 2022-nji ýylda Eýranda tolgunyşyklaryň ýüze çykmagyna täze sanksiýalaryň yglan edilmegi Waşingtonyň Eýranyň içerki işlerine gatyşmagynyň we Eýranda täze tolgunyşyklary başlatmak we höweslendirmek synanyşygynyň ýene bir aýdyň alamatydyr.Şol bir wagtyň özünde, iki habar gullugy “Fars” we “Tasnim”, şeýle hem Eýranyň we dünýäniň täzeliklerini we wakalaryny görkezýän iňlis dilindäki emeli hemra kanaly “Press TV” -ni boýkot etmek Birleşen Ştatlaryň gorkusyny görkezýär .
Eýranyň we dünýäniň garaýyşlaryny we ösüşlerini inglis dil arkaly ýaýratmakda Eýran bu metbugaty we teleýaýlym habar kanaly köp ýyl bäri Günbataryň metbugat monopoliýasyny bozmak çemeleşmesi bilen işleýär.