Nov 05, 2023 21:02 Asia/Ashgabat
  • Hamasyň syýasy edarasynyň başlygynyň rewolýusiýanyň ýokary derejeli lideri bilen duşuşygy

Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy edarasynyň başlygy we delegasiýasy Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi bilen duşuşdy.

Ýolbaşçynyň edarasynyň maglumat bazasyna görä; Bu duşuşykda Hamasyň syýasy ofisiniň başlygy Ysmaýyl Haniýe Gazadaky soňky wakalar we Sionist režimiň Gazadaky jenaýatlary, şeýle hem Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky wakalar barada hasabat berdi.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Gazanyň tutanýerli halkynyň sabyrlylygyna we tutanýerliligine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirmek bilen Sionist režimiň ABŞ we käbir Günbatar ýurtlarynyň gönüden-göni goldawy bilen amala aşyrylýan jenaýatlaryna çuňňur gynanýandygyny aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň, Sionist basyp alyjylaryna garşy Palestinayň garşylyk güýçlerini goldamakdaky hemişelik syýasatyna ünsi çekdiler.

Hezretleri Aýatolla Hameneýi, yslam ýurtlary we halkara guramalary tarapyndan çynlakaý çäre görmegiň we Yslam hökümetleriniň Gazanyň halky üçin hemmetaraplaýyn we amaly goldawyň zerurdygyny aýtdylar.