Feb 03, 2024 21:14 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian ABŞ-nyň Siriýa we Yraga garşy eden soňky hüjümini tankyt etdi

Eýranyň Daşary işler ministri Amerikanyň soňky agressiýalary, militarizme ýüz tutup, meseleleri çözmekde nädogry çemeleşmegiň netijesidir diýdi.

Iordaniýadaky bazada üç amerikan esgeriniň öldürilmeginden soň, Amerikan söweş uçarlary şenbe güni irden Yrakdaky we Siriýadaky ýerleri bombaladylar.

Yrak hökümetiniň habaryna görä, bu hüjümlerde Yragyň günbataryndaky "Akşat" we "Al-Kaim" sebitleri we bu sebitleriň töweregindäki birnäçe raýat nokatlary Amerikaly söweşijiler tarapyndan nyşana alyndy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri "Huseýin Amir Abdollahian" BMG-nyň Ýemen meseleleri boýunça Baş sekretarynyň wekili "Hans Grundberg" bilen duşuşyp, ABŞ-nyň Yraga we Siriýa eden hüjümlerini ýazgardy we muny Waşingtonyň güýç we militarizme ýüz tutup, problemalary çözmekde nädogry we şowsuz çemeleşmesiniň netijesi diýip atlandyrdy.

Amir Abdollahian şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň harby çemeleşmesi, esasanam bu ýurduň we Angliýanyň Ýemene garşy guran harby hüjümleri we Ansarullahyň adynyň Amerikanyň terrorçylyk sanawyna girizilmegi ýagdaýy has çylşyrymlaşdyrdy we syýasy çözgüti kynlaşdyrdy diýdi.

Duşuşygyň dowamynda Eýranyň Daşary işler ministri, Eýran Yslam Respublikasynyň Ýemende durnukly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagyna berýän goldawynyň dowam etmegine salgylanyp, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy ýola goýmak tagallalary sebitdäki ähli ýurtlara peýdaly bolar diýdi.

BMG-nyň Ýemen meseleleri boýunça Baş sekretarynyň wekili Hans Grundberg hem BMG-nyň Ýemende parahatçylygy we asudalygy ýola goýmak we bu ýurduň içindäki dartgynlygy azaltmak boýunça alyp barýan işleri barada hasabat bermek bilen sebitara mümkinçilikleri ulanmak arkaly sebitiň düýp meselelerini çözmegiň zerurdygyny aýtdy.

Tags