Eýran ABŞ we Iňlisiň Ýemen topragyna eden hüjümlerini ýazgardy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary düýn agşam Ýemeniň çäginde ABŞ we Angliýanyň köpçülikleýin hüjümlerini berk ýazgarmak bilen şeýle eden-etdilikli we başdan geçirilýän hüjümler halkara derejesinde ykrar edilen düzgünleriň we ýörelgeleriň daşynda bolup, Ýemeniň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini bozýar diýdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Naser Kanani ýekşenbe güni beren gürrüňlerinde Amerika we Angliýa, Gaza zolagynda we Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky sionist režimiň uruş jenaýatlaryny we genosidini doly goldaýandyklaryny ýene bir gezek subut etdiler şeýle hem, basyp alyjy we jenaýatçy sionist režimiň howpsuzlygyna we bikanun bähbitlerine ygrarlylygy halkara parahatçylykdan we howpsuzlykdan öňe salýandyklaryny mälim etdiler we ýokarda agzalan režimiň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ähli ahlak we ynsanperwerlik ýörelgelerini, halkara kanunlary we düzgünnamalary we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny bozýarlar.
Diplomatik gullugyň metbugat sekretary sözüni şeýle dowam etdirdi: Şeýle hüjümler bilen ABŞ we Angliýa sebitdäki dartgynlygy we krizisi güýçlendirmek, söweşiň we durnuksyzlygyň gerimini giňeltmek we jemgyýetçilik pikirini Sionist režiminiň söweş jenaýatlaryndan sowmak we genosidde aýyplanýan bu režimiň uruş jenaýatlaryny dowam etdirmek mümkinçiligini satyn almak diýip yglan etdi.
Kanani sözüniň dowamynda Amerika we Angliýa, howpyň we durnuksyzlygyň esasy sebäbi bolýan we her günde ýüzlerçe palestinaly, şol sanda aýallary we çagalary öldürýän Sionist režimiň öňni almagyň we täsirli we gyssagly çäre görmegiň ýerine, bu ganhor režime haýsydyr bir basyş görkezmäge we öldüriji maşynyny duruzmaga synanyşýan ýurda harby hüjüm edýärler diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de, elbetde şular ýaly eden-etdilikli we agressiw harby operasiýa bu agressiw ýurtlar üçin sebitdäki howpyň we durnuksyzlygyň güýçlenmeginden başga hiç zat gazanyp bilmez diýdi.
Bu habara görä, Amerikanyň Merkezi serkerdeligi (CENTCOM) ýekşenbe güni irden Iňlis goşunlary bilen Amerikanyň koalisiýasynyň Ýemendäki 18 nyşany bombalandygyny habar berdi.
Ýemen resmileriniň habar bermegine görä ABŞ-nyň koalisiýa hüjümleri Sana'a we Taiz welaýatlarynda amala aşyryldy.