Feb 29, 2024 13:21 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň

Eýran Yslam Respublikasynyň ilkinji wise-prezidenti demirgazyk-günorta geçelgesiniň we Raşt-Astara demir ýolunyň gysga wagtda tamamlanmagyny talap etdi.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň ilkinji wise-prezidenti "Muhammet Mohbar" çarşenbe güni Tähranda Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary "Aleksandr Nowak" bilen duşuşygynda sebitiň ösüşi üçin bilelikdäki meýilnamalary durmuşa geçirmek ajaýyp mümkinçilikdir we Demirgazyk-günorta geçelgesiniň gurluşygy we Eýranyň günorta portlarynyň ösüşi diňe iki ýurt üçin däl, eýsem tutuş sebit üçin möhüm we strategiki rol oýnaýar diýdi.

Mohbar 13-nji hökümet Eýranda häkimiýet başyna geleli bäri Eýran bilen Russiýanyň arasynda ykdysady, syýasy we halkara gatnaşyklarynda düýpli gowulaşmalaryň bolandygyny aýtmak bilen Tähranyň we Moskwanyň Waşingtonyň birtaraplaýynlygyna we sionist režimiň sebitdäki jenaýatlaryny ýazgarmagyna garşy pozisiýalary sebit ýurtlarynyň esasy hukuklarynyň goralmagyna laýyk gelýär diýdi.

Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary "Aleksandr Nowak" hem Russiýa bilen Eýranyň dostlukly we goňşy ýurt hökmünde hyzmatdaşlygynyň giňelmeginiň Moskwa üçin möhümdigini aýtmak bilen iki ýurduň ýolbaşçylarynyň islegi we oňyn pikiri bilen gatnaşyklaryň göwrümi, esasanam Eýranyň halk hökümetinde gowulaşdy diýip nygtady.

Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary şeýle hem Eýranyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň duşmançylykly çärelere we sanksiýalara garşy beýannamasyna, asewraziýa bileleşigi bilen erkin söwda şertnamasyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk şertnamasyna gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ädimleri hökmünde garamak bilen Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň tamamlanmagy, iki ýurduň prezidentleriniň ösüş we tamamlaýyş tapgyrlaryny üns bilen yzarlaýan iň möhüm şertnamalardan biridigini aýtdy.

Düýn Tähranda Eýran bilen Russiýanyň bilelikdäki ykdysady komissiýasynyň 17-nji ýygnagy geçirildi.