Eýran halkynyň saýlawlara köpçülikleýin gatnaşmagy eziji frontyna uly ýok jogabyny berdi
(last modified Sat, 02 Mar 2024 12:07:20 GMT )
Mar 02, 2024 17:07 Asia/Ashgabat
  • Eýran halkynyň saýlawlara köpçülikleýin gatnaşmagy eziji frontyna uly ýok jogabyny berdi

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, halkyň parlament wekillerini we ýolbaşçylygyň hünärmenlerini saýlamagyna giňden gatnaşmagyny Eýran halkynyň adamzada garşy eziji frontyna uly ýok jogaby diýip hasaplady.

Yslam Şura Mejlisiniň 12-nji döwür saýlawy we Ýolbaşçylygyň Bilermenler Assambleýasynyň 6-njy döwür saýlawy düýn, anna güni (1-nji mart) Eýran halkynyň dürli gatlaklarynyň garşylamagy bilen geçirildi.

Eýran halkynyň bu saýlawlara giňden gatnaşmagy, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylygyndaky Eýran Yslam Respublikasynyň garşydaşlarynyň adamlary ses bermekden saklamak baradaky tagallalaryny puja çykardy.

Bu mesele bilen baglanşykda IRIB habar gullugyna beren habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi şu gün şenbe güni eden çykyşynda Eýran halkynyň saýlawlara aňly gatnaşýandygyna minnetdarlyk bildirmek bilen iman we umytdan doly bolan düşünýän we hüşgär adamlaryň barlygy, tekepbir adamzada garşy frontuna "uly ýok" jogaby bolandyr we duşmanlaryň durmuşa geçirmek üçin milliardlarça dollar sarp eden bu galp ssenariýany şowsyz edendir diýdi.

Raisi, Eýran halkynyň Yslam Şura Mejlisiniň we Ýolbaşçylygyň Bilermenler Geňeşiniň saýlawlaryna aňly we wagtynda gatnaşmagyny Yslam Eýranyň abraýyna we buýsanjyna öňküsinden has köp, bu serhet we sebit duşmanlarynyň umytsyzlygyna we lapykeçligine sebäp boldy diýip sözlerine goşdy.