May 13, 2024 16:00 Asia/Ashgabat
  • Harazi: Eýran

Eýranyň Daşary gatnaşyklar strategiki geňeşiniň başlygy, Eýran Yslam Respublikasynyň genosid Ysraýyl režimine garşy jeza çäresi bolan Dogruçyl wada operasiýasynda öz güýjüni görkezendigini aýtdy.

Eýranyň Daşary gatnaşyklar strategiki geňeşiniň başlygy Seýid Kamal Harazi Tähranda geçirilýän "hyzmatdaşlyk we özara gatnaşyklar üçin Eýran-Arap gepleşikleri" atly üçünji ýygnagynda beren gürrüňlerinde, gynansagam, Ýewropanyň we Amerikanyň goldawy bilen Gazadaky söweş dowam edýär we Amerika we onuň ýaranlary bir tarapdan genosid Ysraýyl režimine öldüriji ýaraglary berýär we beýleki bir tarapdan, şehit bolan adaty adamlar, aýallar we çagalar üçin ýalandan gözýaş dökýär diýdi.

Eýranyň Daşary gatnaşyklar strategiki geňeşiniň başlygy, yslam ýurtlarynyň Yslam hyzmatdaşlygy guramasynda gowy ýygnaglary geçirmäge synanyşandygyny we gowy beýanatlaryň berlendigini aýtmak bilen, emma beýannama ýeterlik däl we yslam ýurtlarynyň sionist režimmi boýkot etmegine garaşylýar diýdi.

Eýranyň Strategiki Daşary gatnaşyklar geňeşiniň başlygy Yslam respublikasynyň sebitdäki ähli musulman ýurtlaryna harby kömek bermäge taýýardygyny mälim etmek bilen harby ýaraglar ýa-da täze tehnologiýalar babatynda Eýran sebitdäki ähli ýurtlara sebitiň köpçülikleýin baýlyklaryny goramaga we durnukly parahatçylygy durmuşa geçirmäge taýyn bolmagy üçin kömek eder diýip nygtady.

Harazi ýadro meselesini sebitdäki möhüm meseleleriň biri hasaplamak bilen eger-de Ysraýyl ýadro güýji bilen beýleki ýurtlara haýbat atsa, sebitdäki ýurtlar asuda oturmazlar we Eýran Yslam Respublikasy hem şu kontekstde Ysraýylyň genosid režimi Eýrana ýadro ýaragy bilen haýbat atmak islese, Yslam respublikasy ýadro doktrinasyna täzeden seredip biler diýip yglan edipdi.

Tags