May 18, 2024 10:11 Asia/Ashgabat
  • Tähran Arap Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň Eýranyň üç adasy baradaky aýdanlaryny ýazgardy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Bahreýnde geçirilen 33-nji Arap Bileleşiginiň sammitiniň beýanyndaky Pars aýlagynda ýerleşýän üç Eýran adasy bilen baglanyşykly maddany kabul ederlikli hasaplamady we ýazgardy.

Bumusa, Uly Tunb we Kiçi Tunb adalary, Eýran Yslam Respublikasynyň çäginiň aýrylmaz we ebedi bölegidir we bu beýannamada esassyz talaplar ret edilýär diýip Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani yglan etdi.

1971-nji ýylyň 30-njy noýabrynda 68 ýyldan soň Eýranyň Bumusa, Uly Tunb we Kiçi Tunb adalaryny Angliýadan yzyna alanda,  Arap Emirlikleri Dünýäniň geografiýasynda ýokdy we bu ýurt 1971-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Iňlis kolonializminden 6 emiriň garaşsyzlygyndan soň döredildi we indiki tapgyrda 1972-nji ýylyň 9-njy fewralynda Al Haýma Ras ady bilen ýedinji emir oňa goşuldy.