Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň belent mertebeli ýolbaşçysy Hezretleri "Aýatolla Hameneý"a gynanç bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdiler.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Räisi düýn (ýekşenbe) dikuçar bilen ýurduň Gündogar Azerbaýjan welaýatyndaky "Hoda Afarin suw bendine" baryp görmeginden we birnäçe milli we welaýat taslamalaryny açmagyndan soňra ,dolanyp gelýärka dikuçar heläkçilige uçrady we Eýran halkyna hyzmat etmek ýolunda şehit boldy.Bu uçar heläkçiliginde, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahiýan, Tabriziň Juma Ymamy Aýatolla Seýid Muhammet Ali Al-Haşem, Gündogar Azerbaýjan welaýatyň gubernatory Malik Rahmati, şeýle hem prezidentiň howpsuzlyk toparynyň başlygy we uçarmanlar ýaly prezidentiň ýoldaşlary dikuçaryň uçuş ekipasy hem şehit boldylar.