May 28, 2024 09:58 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň ýerine ýetiriji güýjüniň müdiri, Eýran bilen Ummanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ýokarlandyrmaga ünsi çekdi

Eýranyň ýerine ýetiriji güýjüniň müdiri Eýran-Umman gatnaşyklaryny taryhy we doganlyk diýip atlandyrdy we şeýle diýdi: “Eger mümkinçilikler ulanylsa, Eýran bilen Ummanyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklary häzirki derejeden birnäçe esse ýokarlanar.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň ýerine ýetiriji güýjüniň müdiri "Muhammet Mohber" duşenbe güni Ummanyň daşary işler ministri Badr bin Hamad al-Busaidi bilen duşuşdy, Mohber şol bir wagtyň özünde hökümete we halka duýgudaşlygy we minnetdarlygy üçin tüýs ýürekden Ummanyň daşary işler ministrine minnetdarlyk bildirdi.  ol şeýle-de Umman bilen ähli taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek boýunça Eýran Yslam Respublikasynyň strategiýasynyň dowam etdirilmegine ünsi çekdi.

Ummanyň Daşary işler ministri Badr bin Hamad al-Busaidi hem, Soltan Heýsam bin Tarigiň hemde bu ýurduň halkynyň we döwletiniň gynanç hatlaryny, Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysyna  hemde döwlet jogapkärlerine gowşurmaga gelendigini aýdyp Umman hökümeti we halky bu ajy we gynandyryjy wakada ýakyn dostlaryny ýitirdi we biz bu ajy matamda özümizi Eýran halkynyň ýanynda bilýäris diýip yglan etdi.

Tags