Eýranyň saýlanan prezidenti, Palestina halkyny goldamaga we Kuds Şerifi sionist basybalyjylardan azat etmäge ünsi çekdi
(last modified Thu, 11 Jul 2024 05:36:39 GMT )
Jul 11, 2024 10:36 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň saýlanan prezidenti, Palestina halkyny goldamaga we Kuds Şerifi sionist basybalyjylardan azat etmäge ünsi çekdi

Eýranyň saýlanan prezidenti, ähli ideallary we hukuklary durmuşa geçirilýänçä, ezilen Palestina halkyna Yslam Respublikasynyň ähli taraplaýyn goldawynyň dowam etdirilmegine, şeýle hem Al-Kuds Şerifiň sionist basybalyjylygyndan azat edilmegine ünsi çekdi.

Eýran Respublikasynyň Saýlanan prezidenti "Masud Pezeşkiýan", Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy edarasynyň başlygy "Ysmaýyl Haniýe" gutlag hatyna ýokary baha berdi we Eýran Yslam Respublikasynyň ýörelgelerine ,Yslam Rewolýusiýasynyň maksatlaryna we Ymam Homeýniniň (RA) ideallarynyň we Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň görkezmelerine laýyklykda, Palestina halkyna we onuň Sionist režimine garşy alyp barýan göreşlerine goldaw bermekligi adamkärçili we yslamy borjy bilýändirdiiýp yglan etdi.

palestinanyň söweşijileriniň häzirki söweşdäki gahrymançylykly göreşi bilen Palestina milletine ylahy ýeňiş nesip eder diýip Pezeşkiýan sözüne goşdy.