Tähranyň juma namazynyň ymamy: Sionist regimi şehit "Ysmaýyl Haniýe"-niň aryny aljakdygymyzy bilsin
Tähranda juma namazynyň wagtlaýyn hatyby, Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy edarasynyň başlygy şehit "Ysmaýyl Haniýe"-niň ganyndan ar almagyň zerurdygyny aýtdy.
Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy edarasynyň başlygy Ysmaýyl Haniýe we janpenalaryndan biri 31-nji iýulda Tähranda bolup geçen terrorçylykly hüjüm sebäpli şehit boldylar.
IRNA-nyň habaryna görä, Aýatolla Seýid Ahmad Hatami Tähranyň juma namazynda eden çykyşynda Sionist režimiň we Amerikanyň Gazadaky jenaýatlara we Ysmaýyl Haniýehiň şehit bolmagyna şärikdigini aýtmak bilen Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy, bu şehitiň şehit bolmagy barada şeýle düşündiriş berdiler welin bu mujahidiň şehit bolmagynyň aryny almak borjumyz diýip hasaplaýarys we Sionist režimi bu şehitiň ganyndan ar aljakdygymyzy bilsin diýdi.
Tähranyň juma namazynyň hatyby şeýle-de biz gowy meýilleşdirilen sistemadyrys, haçan, nirede we nädip urmak biziň meýilnamamyza esaslanýar we Sionist režimi şol wagta çenli hemişe gorky astynda bolmaly, ýöne gerek wagty we ýerinde ar aljakdygymyzy bilsin diýdi.
aýatolla Hatami şeýle-de Ysmaýyl Haniýehiň Tähranda şehit bolmagy barada gürrüň gozgap bu jenaýat we Gazada edilýän jenaýatlar Sionist režimiň ganhor, pasyt we söweşiji bolandygyny görkezýär we Ysraýyla ölüm dilemek bu režimiň hakydyr diýmek bilen şeýle hem, sionistleriň Gazada 10 aýdan gowrak wagt bäri eden jenaýatlarynyň ABŞ-nyň gözegçiligi astynda amala aşyrylýandygyna şek ýokdyr diýdi.
Juma namazynyň hatyby şeýle-de yahýa Senwaryň Hamasyň syýasy edarasynyň başlygy wezipesine saýlanmagy barada aýdyp, Senwaryň saýlanmagy, Sionist regimine güýçli urgy boldy
ol Sionistler tarapyndan 20 ýyldan gowrak türmede oturdy we sionistlere biz bir gün siz sionistleri ýesir aljakdygymyzy aýtdy we bu şertler garşylyk frontunyň ýeňişe tarap öňe gitjekdigini görkezýär diýip nygtady.