Eýranyň Içeri işler ministri: Sionist režimi Eýranyň beýik güýjüni ýalňyş hasaplama bilen synamaly däldir
(last modified Mon, 28 Oct 2024 13:08:20 GMT )
Oct 28, 2024 18:08 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Içeri işler ministri: Sionist režimi Eýranyň beýik güýjüni ýalňyş hasaplama bilen synamaly däldir

Eýran Yslam Respublikasynyň Içeri işler ministri, ýurduň duşmanlaryna, esasanam erbet sionist režime, ýalňyş hasaplama bilen Yslam Eýranyň beýik halkynyň güýjüni barlamazlyk barada duýduryş berýändigimizi aýtdy.

IRNA-nyň duşenbe güni beren habaryna görä, Eýranyň içeri işler ministri Iskandar Momeni ýurduň howpsuzlygyny goraýjylaryň şehit bolmagy üçin gynanç bildirmek bilen, Eýranyň yhlasly adamlarynyň şehit bolmagy bu ýurduň çagalarynyň abraýyny we edermenligini we sionist duşmanyň ýigrenjidini we erbetligini ýene bir gezek paş etdi diýip nygtady.

Sionist režimiň Eýrana garşy alyp barýan harby agressiýasy köp sanly halkara reaksiýasyna sebäp boldy we dünýäniň köp ýurtlary bu harby çozuşy ýazgardylar we muny Eýranyň özygtyýarlylygyny aç-açan bozmak we halkara kanunlaryny bozmak diýip atlandyrdylar.

Tags