Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri: ABŞ bilen gepleşikleri geçirmek sanksiýalaryň çözülmegine sebäp bolmaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i26314-yslam_rewolýusiýasynyň_ýokary_derejeli_lideri_abŞ_bilen_gepleşikleri_geçirmek_sanksiýalaryň_çözülmegine_sebäp_bolmaz
Yslam rewolýusiýasynyň lideri ABŞ-nyň häzirki hökümeti bilen gepleşikleri netijesiz we sanksiýalaryň hasam kynçylygy çözmejekdigini ýatlap, Eýran Yslam Respublikasy bolup biljek islendik zarba aýgytly jogap berer diýdiler.
(last modified 2025-03-13T08:45:39+00:00 )
Mar 13, 2025 13:45 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri: ABŞ bilen gepleşikleri geçirmek sanksiýalaryň çözülmegine sebäp bolmaz

Yslam rewolýusiýasynyň lideri ABŞ-nyň häzirki hökümeti bilen gepleşikleri netijesiz we sanksiýalaryň hasam kynçylygy çözmejekdigini ýatlap, Eýran Yslam Respublikasy bolup biljek islendik zarba aýgytly jogap berer diýdiler.

Yslam Rewolýusiýasynyň Lideriniň Ofisiniň maglumat web sahypasyna görä, Yslam rewolýusiýasynyň lideri Hezreti Aýatolla Hameneýi, Eýranda müňlerçe talyp we syýasy, jemgyýetçilik we medeni guramalaryň aktiwistleri we talyp jihadçy toparlary bilen duşuşanda, Günbataryň öňegidişlikleriniň öňünde hereketsizligi Eýran milletiniň we ýurdunyň güýçli taraplaryna üns berilmezligiň sebäbi diýip atlandyrdylar.

Hezretleri şeýle-de Reza Hany (Eýrandaky Pahlawi re1imiň düýbüni tutujy) weýran ediji Günbatarlaşmagyň beýany diýip atlandyrdyrmak bilen Iňlisler bu zor aýdyjyny häkimiýete geçirdiler, soň gyzyklanmalary talap edenlerinde, ony aýyrdylar ýöne bu döwürde Reza Han köp dönükleri etdi we ýurdy içerden boşatdy şeýle hem, milli ykdysadyýet, milli içerki we daşary syýasat, hatda eýranlylar üçin milli köýnek ýaly milli zat galdyrmadylar diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň lideri, Günbataryň Eýranda bolmagynyň ikinji tejribesini Angliýanyň we Russiýasynyň ýurduň käbir ýerlerini basyp almagy, açlyk we müňlerçe adamyň ölümi we içerki hereketleriň basylmagyny we Reza Hanyň döwründe Darcy nebit şertnamasy ýaly kemsidiji şertnamalaryň girizilmegi ýaly ajy wakalary göz öňünde tutup, bu wakalar günbatarlylaryň halka, esasanam ýaşlara içki tebigatyny açdy we owadan görnüşleriniň we ýylgyryşlarynyň aňyrsynda erbet we dönük içki tebigatyň bardygyny ýüze çykardy we bu waka ýurtdaky Günbatar siwilizasiýasyna bolan höwesi we özüne çekijiligi peseltdi diýip beýan etdiler.

Hezretleri milli nebit hereketini Günbataryň içki tebigatyny aýan etmekde taryhy öwrülişik nokady bolandygyny nygtamak bilen Mossadeg Amerikanyň Britaniýa garşy söweşmegine bil baglap, umyt edip ýörkä, şol bir Amerika oňa zarba uryp Amerikanyň pullary we serişdeleri bilen onuň  hökümetine garşy agdarlyşyk amala aşyryldy diýdiler.

Aýatolla Hameneýi, 1332-nji ýylyň 28-njy Mordadynda bolan döwlet agdarylyşygynyň netijesiniň Günbatara bil baglamagyň, faktor däl-de, ösüşe päsgelçilikdigini aýdyňlaşdyrmakdygyny aýtmak bilen, Günbatarlylaryň öz bähbitlerine we artykmaçlyklaryna garşy gelýän islendik hadysany rehimsizlik bilen ýok etýändikleri hakykat boldy diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri şeýle-de Yslam rewolýusiýasy 1357-njy ýylda bolmadyk bolsa, ýurt daşary ýurt garaşlylygynyň ýokarlanmagy sebäpli ähli ruhy artykmaçlyklaryndan we baýlyklaryndan mahrum edilip, boşadyljak ýolda bolardy diýip belläp geçdiler.

Hezretleri duşmanyň maksadynyň, esasanam täze aragatnaşyk usullaryny ulanmak arkaly, Günbataryň Eýrana täsirini we agalygyny dikeltmekdigini we Eýranly ýaş talyplaryň arasynda rewolýusiýadan ozal bar bolan passiwlik, boýun bolmak we garaşlylyk ruhuny gaýtalamakdygyny aýtmak bilen, bu meýilnama garşy durmagyň ýoly güýçli ruhy saklamakdyr diýip sözlerine goşdylar.