Ymam Hameneýi: Bu sebitde diňe bir proksi güýç bar we ol sionist režimidir
Ymam Hameneýi Oraza baýramy namazlarynda wagyz-nesihatlarynda mukaddes Remezan aýynyň soňky anna güni Eýran halkynyň Bütindüýä Kuds gününe bolan hyjuwly we manyly ýörişini öwmek bilen milletiň beýik hereketi, Eýran halkyna düşünmeli we bilmeli adamlar üçin dürli sargytlary bardy diýdiler.
Oraza baýramy namaznyň ikinji hutbasynda Yslam Rewolýusiýasynyň lideri Sionist režimiň Gazada we Liwanda dowam etdirýän genosidini we çaga öldürmegini Remezan aýynda yslam milletiniň gazaplylygynyň sebäbi diýip atlandyrdy we bu jenaýatlar Amerikanyň Palestini basyp alan jenaýat toparyna berýän goldawynyň we kömeginiň kölegesinde edilýändigini belläp geçdiler.
Pars Today -iň Ýolbaşçynyň edarasynyň maglumat web sahypasyna salgylanyp beren habaryna görä, Sionist režimi sebitdäki kolonialistleriň ygtyýarly güýji diýip atlandyrmak bilen günbatarlylar sebitdäki batyrgaý halklary we yhlasly ýaşlary wekilçilik etmekde yzygiderli günäkärleýärler, ýöne sebitdäki ýeke-täk wekil güýçleriniň ot ýakmak, genosid etmek we beýleki ýurtlara hüjüm etmek arkaly Jahan urşundan soň bu sebite elini uzadýan ýurtlaryň meýilnamasyny dowam etdirýän we ýerine ýetirýän pasyt režimdigi äşgärdir diýip aýtdylar.
Ymam Hameneýi dünýäni pul we metbugat bilen dolandyrýan kolonialistleriň terrorçylyga garşy talaplaryna salgylanyp öz çykyşlarynda milletleriň hukuklaryny we ýerlerini goramak terrorçylyk we jenaýat diýip atlandyrýan şol adamlar, ýa-da sionistleriň genosidine we aç-açan terrorçylyk hereketlerine göz ýumýarlar ýa-da şeýle hereketlere kömek edýärler diýdiler.
Hezretleri şeýle-de Sionist režimi tarapyndan Abu Jihad, Fathi Şekagi, Ahmed Ýassin we Imad Mugniiýe ýaly şahsyýetleriň dürli ýurtlarda öldürilmegi, şeýle hem Yrak alymlarynyň bu režimiň tarapyndan terror bolmaklaryna salgylanyp, Amerika we Günbatar ýurtlarynyň köpüsi bu aç-açan terrorçylyk hereketlerini goraýar we dünýäniň galan bölekleri diňe syn edýär diýdiler.
Ymam Hameneýi, hamala ynsan hukuklaryny goraýjylaryň takmynan 20 000 palestinaly çaganyň iki ýylyň içinde şehit bolmagyna biperwaýlygyny berk ýazgarmak bilen, elbetde, dünýäniň halklary, şol sanda Ýewropa we Amerikadaky halklar, bu jenaýatlar barada öwrenen badyna sionistlere we Amerika garşy çykyş ederler we doly maglumat berilse, halklar hökman protestlerini giňelderler diýip beýan etdiler.
Hezretleri aýdylan faktlaryň gysgaça mazmuny beýan edip bu jenaýatçy, erbet we ganhor topar Palestinden we sebitden ýok edilmeli we bu Hudaýyň islegi we güýji bilen amala aşyrylar we bu ugurda edilýän tagallalar ähli adamlaryň dini, ahlak we adamkärçilik borjydyr diýip nygtdylar.
Yslam Rewolýusiýasynyň lideri Yslam Respublikasynyň sebit babatdaky pozisiýalarynyň durnuklylygy barada durup geçip, biziň pozisiýalarymyz durnuklydyr we Amerika we Sionist režime garşy duşmançylyk öňki ýalydyr diýdiler.
Ikinji hutbanyň ahyrynda Ymam Hameneý Amerikanyň soňky howp salýan pozisiýalary barada iki sany möhüm nokady aýtdylar birinjiden, daşary ýurtdan haýsydyr bir ýamanlyk edilse, elbetde, ähtimaly kop däl, berk garşylyk görkezer we ikinjiden, duşman, öňki ýyllardaky ýaly, ýurduň içinde pitne döretmek barada pikir edýän bolsa, millet şol ýyllardaky ýaly pitneçilere berk garşylyk görkezer diýdiler.
Oraza baýramy namazy şu güni irden ýatdan çykmajak ajaýyplyk we Yslam Eýranyň hemme ýerinde wepaly we abraýly Eýran halkynyň huzurynda geçirildi. Paýtagt Tähranda Taňrynyň merhemetine we kömegine umyt baglaýan köp sanly adam Tähranyň namaz zalynda we töweregindäki köçelerde Ymam Hameneýiniň ýolbaşçylygyndaky Oraza baýramy namazyny okadylar.