Ynkylap lideri: Häzirki wagtda halka hyzmat etmek üçin amatly ýer we köp mümkinçilik bar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i26820-ynkylap_lideri_häzirki_wagtda_halka_hyzmat_etmek_üçin_amatly_ýer_we_köp_mümkinçilik_bar
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Ýurtda ýaş, bilimli we täsirli adam boýunça uly mümkinçilikler bar, her bir edara bu mümkinçiligi ykrar etse we ulansa, görnetin öňegidişlikler gazanylar diýdiler.
(last modified 2025-05-28T11:28:04+00:00 )
May 28, 2025 16:28 Asia/Ashgabat
  • Ynkylap lideri: Häzirki wagtda halka hyzmat etmek üçin amatly ýer we köp mümkinçilik bar

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Ýurtda ýaş, bilimli we täsirli adam boýunça uly mümkinçilikler bar, her bir edara bu mümkinçiligi ykrar etse we ulansa, görnetin öňegidişlikler gazanylar diýdiler.

Pars Today habar gullugynyň IRNA salgylanyp beren habaryna görä, şu gün öýlän Içeri işler ministri we häkimler bilen bolan duşuşygynda Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy, häkimleriň welaýatyň ähli taraplaýyn dolandyryjylarydygyny we ýurduň jemgyýetçilik giňişliginde hyzmat etmek üçin amatly we mümkinçilikleri köp hasaplaýandygyny aýtmak bilen we käbir teklipleri bermek bilen bir hatarda möhüm meseleleriň biri halkyň arasynda bolup, olaryň ýygnanyşyklaryna gatnaşmagy we hatta gaty söz bolsa-da sabyrly sözlerini diňlemegi we zerur düşündirişleri bermegi talap edýän halk meselesidir diýdiler.

Bu ýygnakda Aýatolla Hameneýi Hezretleri önümçilik, daşky gurşaw, şäher hyzmatlary, serhet bazarlary we welaýat diplomatiýasy ýaly ähli welaýat işlerine häkimi jogapkär hasaplamak bilen, elbetde dürli hökümetlerde bu ýörelgä ünsi çekendigine garamazdan, prezidentler käbir ministrleriň garşylygy sebäpli ony doly ýerine ýetirip bilmediler, ýöne häkimlere karar bermek we meseleler boýunça çäre görmek üçin ygtyýarlyk berilmelidir diýdiler.

Hezretleri şeýle-de ýurduň mümkinçiliklerden dolydygyny we jemgyýetçilik giňişliginiň uruş, koronawirus ýaly pandemiýa, ýiti howpsuzlyk problemalary, toparlaýyn we syýasy jedeller ýaly kynçylyklardan azatdygyny belläp, mundan başga-da, ýurtda ýaş, bilimli we netijeli adam boýunça mümkinçilikler bar we haýsydyr bir edara bu mümkinçiligi ykrar edip peýdalanan mahaly göze görnüp duran ösüşler gazanylýar diýip beýan etdiler.

Rewolýusiýanyň lideri, Eýranyň Şanhaý we BRICS ýaly möhüm sebitleýin we global forumlara agzalygyny we Içeri işler ministrligine ýurduň dürli sebitlerini gowy bilýän ministr ýolbaşçylyk etmegini beýleki mümkinçilik hökmündedigini ýatlap,  hyzmatlary ösdürmek üçin hyzmat ruhy we sagdyn pikir bilen dolandyryjylary saýlamagy maslahat berdi we welaýat üçin bu ruhy bolan dolandyryjylary saýlasaňyz, iş we ösüş üçin hiç bir mümkinçilik elden gitmez diýdiler.

Hezretleri şeýle-de häkimleriň gysga möhletli iş döwründe şahsy telekeçilik ýaly gyzyklanma gapma-garşylyklaryny öz içine alýan işlerden saklanmalydygyny belläp, ýurduň saglygy barada alada etmegi we korrupsiýa garşy göreşmegi möhüm hasaplamaly diýmek bilen käbirleri Yslam Respublikasyndaky korrupsiýanyň aýdyşy ýaly bir sistema bolandygyny subut etmäge synanyşdylar, bu ýalan we sistema dogrydyr, emma käbir pudaklarda berk garşy göreşmeli güýçli ýa-da gowşak yzlar bar diýip sözlerine goşdylar.

Hezretleri Aýatolla Hameneýi korrupsiýa garşy göreşmegi ýokary derejeli müdirleriň iň möhüm wezipeleriniň biri hasaplady we korrupsiýa garşy göreşmegiň ilkinji we zerur şertiniň işgärleriň we maşgalalarynyň korrupsiýa faktorlaryndan daşda durmalydygyny aýtdylar.