Jan 09, 2023 12:10 Asia/Ashgabat
  • Dünýä Saud Arabystanynyň Ýemenlileriň gyrgynçylygyny bes etmeli

Ýemeniň Adam Hukuklary Ministrligi halkara guramalaryndan Saud Arabystanynyň bu ýurduň halkyny gyrmakdaky hereketlerini bes etmegini isledi.

"Press TV" teleýaýlymynyň duşenbe güni habar bermegine görä; Ýemeniň Adam Hukuklary ministrligi öz beýanynda Saud Arabystanynyň asuda ilata garşy eden jenaýatlaryny ýazgarmak bilen halkara jemgyýetçiliginiň şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň dymmagyndan geň galýandygyny aýtdy.

Ýemeniň Adam Hukuklary Ministrligi bu beýannamada şeýle-de, Halkara jemgyýetçiligi Saud Arabystanynyň Ýemende adamkärçiliksiz çozuşy barada derňew işine başlamaly we uruş jenaýatlaryny jogapkärçilige çekmelidir diýip sözlerine goşdy.

Şeýle hem Ýemeniň bu ministrligi Saud Arabystanynyň Ýemene garşy guran hüjümleriniň geçen ýylyň aprel aýynda (2022) ýaraşyk yglan edileli bäri 2250-den gowrak ýemenli öldürendigini dünýä ýatlatdy.

Saud Arabystany we onuň ýaranlary 2015-nji ýylda Ýemene garşy söweşi başlady. Şondan bäri ýüzlerçe müň adam öldürildi we millionlarça adam Saud Arabystanynyň bu ýurda garşy girizen söweşi we gabawy sebäpli açlyk bilen göreşýärler.

Tags