Jan 23, 2023 16:58 Asia/Ashgabat
  • Sepah Pasdaran, global ulumsylygyň bokurdagyndaky tiken

Ýemendäki Haj ministriniň orunbasary, Eýranyň Sepah Pasdaran güýjüniň global ulumsylygyň bokurdagyndaky tikenidigini aýtdy.

2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Ýewropa Parlamenti Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusyny syýasy karar bilen Ýewropa Bileleşiginiň terrorçy toparlary sanawyna goşdy. bu mowzuk Eýrana garşy duşmanlaryň bilelikdäki söweşiniň çäginde bir meseledir.

"Fouad Naji", Sana'da "Eýranpress" žurnalistine beren interwýusynda Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Günbatar Aziýa sebitindäki orny we roly barada gürrüň gozgap Eýranyň Ynkylap goragçylary, dünýädäki ulumsylyga we gegemoniýa garşy durdular, sebäbi Amerika sebitiň halkyny ezijilik bilen kemsitmäge synanyşýar diýdi.

Ýemende Haj ministriniň orunbasary, Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Palestina, Liwan we beýleki sebitlerde yslam garşylygyny goldamakda möhüm rol oýnandygyny aýtdy.

"Fouad Naji" şehit Sardar Gasem Soleýmanyň çydam frontuny goldamakdaky möhüm roluna yşarat edip Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň, Palestina meselesini goldamagy ileri tutandygyny aýtdy.

Ýemeniň Haj ministriniň orunbasary Fouad Naji Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň buýsançdygyny aýtmak bilen Eýranyň Sepah Pasdarany batylyň garşysynda hakykatyň we hakyň wekilidir diýip aýtdy.