Sep 10, 2023 16:18 Asia/Ashgabat
  • Al- Haliliň Demirgazygynda bir palestinaly ýetginjegiň şehit bolmagyna Hamasyň reaksiýasy

Hamas hereketi, Al-Haliliň demirgazygyndaky al-Arub düşelgesinde 15 ýaşly palestinaly ýetginjegiň şehit bolmagyna gynanç bildirdi.

Düýn agşam (şenbe) Milad al-Raýi al-Arub düşelgesiniň girelgesinde ýerleşýän gözegçilik diňinde ýerleşen basyp alyjy sionist esgerleriň göni okundan agyr ýaralandy we keselhana geçirilenden soň şehit boldy.

Şahab habar gullugynyň habaryna görä, Palestinanyň Hamas Hereketi  Milad Munzer al-Raýiň şehit bolmagyna gynanç bildirmek bilen bu toprakdaky palestinalylar, sionist basybalyjylaryň palestina halkyna we mukaddes ýerlere, esasanam Al-Aqsa metjidine edýän hüjümleriniň we jenaýatlarynyň güýçlenmegine garşy durmaklygy dowam eder diýip yglan etdi.

Hamas hereketi şeýle-de, palestina halkynyň sionist basybalyjylara garşy uzak wagtlap dowam eden göreşi şeksiz olaryň ýeňilmegine we ýok edilmegine we palestina halkyna erkinlige ýetmegine sebäp bolar diýdi.

Düýn agşam al-Arub lagerindäki sionist esgerler birnäçe palestinaly ýaşlara we ýetginjeklere tarap uruş oklaryny we göz ýaşardyjy gazlary atdylar, netijede zäherli gazlary dem almak bilen onlarça palestinaly ýaralandy.

Sionist regimiň harbylary dürli bahanalar bilen her gün Palestinanyň ezilen halkyny şehit, ýaraly ýa-da tussag edýärler.