Jan 28, 2023 09:30 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda syýasy geňeşmeler

2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde yzygiderli türkmen-nemes syýasy maslahatlary geçirildi.

Taraplaryň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew we Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça doly wekili Matthias Luttenberg ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň içerki syýasy prosesleri barada pikir alyşlyldy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmek üçin ýokary derejeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmegiň ähmiýeti bellendi.

Diplomatlar munuň bilen birlikde daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gepleşik geçirmegiň möhümdigini aýtdylar. Hususan-da, taraplaryň adam ölçegi ugrundaky gepleşikleri dowam etdirmek baradaky özara gyzyklanmasy beýan edildi.