Jan 05, 2023 15:43 Asia/Ashgabat

Protest hereketleri we iş taşlaýyşlar Angliýada gaýtadan başlandy.

Inflýasiýa indeksinde görlüp-eşidilmedik böküş we Angliýada ýaşaýyş bahasynyň gözegçiliksiz ýokarlanmagy bu ýurdy soňky ýarym asyryň iň erbet ykdysady ýagdaýyna saldy.

Angliýadaky ykdysady we durmuş meseleleri şeýle bir çuňňur welin, jemgyýetçilik işlerinden başlap, demirýol we poçta işgärlerinden başlap şepagat uýalaryna we tiz kömek ulaglaryna çenli ýüzlerçe müň adam häzirki ýagdaýa garşy 2022-nji ýylyň soňky günlerinde iş taşlaýyş etdiler we bu ýurt soňky 30 ýylda iň uly iş taşlaýyş bilen bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Ýewropa ýurtlarynyň hemmesi ykdysady krizise sezewar bolup, inflýasiýa ep-esli ýokarlanan bolsada, ýöne Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (OECD) baha bermegine görä, Iňlis ykdysadyýeti beýleki G7 ýurtlary bilen deňeşdirilende ähli tarapdan iň erbet ýagdaýdadyr.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Angliýada "Demirýol tory" görnüşindäki demir ýol ulaglary pudagynda 40,000 töweregi işçi we beýleki dört kompaniýa bu ýurduň Milli demirýol we deňiz ulaglary işçiler birleşiginiň haýyşy boýunça dört gün iş taşlaýyş etdi.

Iş taşlaýanlar inflýasiýa gözegçiligini we aýlyk hakynyň ýokarlanmagyny talap edýärler.

Angliýada iş taşlaýyş tolkunynyň güýçlenmegi we Ýewro zonasyndaky ykdysady ösüşiň peselmegi bilen Angliýadaky ykdysady çökgünligiň 2024-nji ýyla çenli dowam etmegine garaşylýar.