Trump: Kongresiň binasyna edilen hüjüm üçin Pelosi jogapkärdir
ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trump 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Kongrese edilen hüjümde Wekiller palatasynyň öňki başlygy Nensi Pelosini günäkärledi.
IRNA habar gullugynyň ýekşenbe güni agşam beren habaryna görä, Trump NBC bilen söhbetdeşlikde üç gün öň Kongresde Milli gwardiýanyň bolmagyny haýyş etdim emma Pelosi bolsa ony ret etdi diýdi.
Ol şeýle-de esgerler Kongresde ýerleşdirilen bolsa, 6-njy ýanwar wakasy bolmazdy diýdi.
Nensi Pelosi Trumpyň sözlerine jogap hökmünde, ol 6-njy ýanwarda ABŞ Kongresine edilen hüjümiň jogapkäridigini bilýär, ýöne hüjümi beýlekileriň üstüne oklajak bolýar diýdi. Bu sözler utandyryjydyr.
2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trumpyň tarapdarlary 2020-nji ýyldaky prezident saýlawlarynyň netijeleriniň tassyklanmagynyň öňüni almak maksady bilen Kongres binasyna hüjüm etdiler.
6-njy ýanwarda bolan gozgalaňda Amerikan polisiýa güýçleri bilen bolan çaknyşykda azyndan 6 adam öldi we başga-da onlarça adam ýaralandy.